Koreýanyň daşary işler ministri Pak Jin Aşgabatda geçiriljek foruma gatnaşmak üçin Türkmenistana geler


Koreýanyň daşary işler ministri Pak Jin Aşgabatda geçiriljek foruma gatnaşmak üçin Türkmenistana geler

Koreýa Respublikasynyň daşary işler ministri Pak Jin «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» Hyzmatdaşlyk forumyna gatnaşmak üçin Türkmenistana geler.

Şu ýylyň 1-nji noýabrynda geçiriljek forum ykdysadyýetiň, durmuşyň dürli gatlaklaryndan 200-e golaý wekilini bir ýere jemlär. Forumda ekologiýa, saglygy goraýyş, ulag, maglumat tehnologiýasy hem-de bilim ýaly dürli ugurlardaky meseleler ara alnyp maslahatlaşylar. Saparyň dowamynda Koreýa Respublikasynyň daşary işler ministrliginiň başlygynyň Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşjakdygy we Merkezi Aziýadaky kärdeşleri bilen ikitaraplaýyn gepleşikler geçirjekdigi bellenilýär. Bu barada Koreýanyň daşary syýasat edarasy habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, Günorta Koreýanyň daşary işler ministriniň 1992-nji ýylda iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlaly bäri taryhda ilkinji gezek Türkmenistana sapar bilen gelýändigi bellenilýär.

Belläp geçsek, foruma Gazagystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň we Gyrgyzystanyň diplomatik bölümleriniň ýolbaşçylarynyň hem gatnaşmagyna garaşylýar.