Aşgabatda Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň bilelikdäki syýahatçylyk festiwaly geçiriler
Aşgabat şäherinde şu ýylyň 31-nji oktýabryndan 2-nji noýabry aralygynda Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň bilelikdäki syýahatçylyk festiwaly geçiriler.
Eýrandan festiwala gatnaşmak üçin «Samažin» tans we saz topary, «Hätän» tans topary, «Daglar» tans we saz topary Türkmenistana geler. Şeýle-de sergä Eýranyň we Türkmenistanyň el işleri we amaly-haşam sungatynyň wekilleri hem-de syýahatçylyk kärhanalary gatnaşar.
31-nji oktýabrda sagat 16:00-da Aşgabat şäherindäki Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergiler zalynda festiwalyň açylyş dabarasy bolar.
1-nji noýabrda Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň bilelikdäki syýahatçylyk sergisi 10:00-dan 16:00-a çenli dowam eder.
Şol gün «Watan» kinokonsert merkezinde Eýran Yslam Respublikasynyň tans we saz toparlarynyň konserti bolar. Konsert 18:00-da başlar.
2-nji noýabrda Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň bilelikdäki syýahatçylyk sergisi 10:00-dan 16:00-a çenli dowam eder.
Şol gün Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň tans we saz toparynyň bilelikdäki ýapylyş konserti bolar. «Watan» kinokonsert merkezinde boljak konsert 18:00-da başlar.