HAZAR – TÄSIN TEBIGY BAÝLYK
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe tebigatymyzy ylmy taýdan öwrenmek we onuň gözelliklerini gorap saklamak, şol sanda Hazar deňziniň kenaryny syýahatçylyk, dynç alyş merkezine öwürmek işleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Deňiz kenarynda oturdylan we barha pür-pudak ýaýradýan agaç nahallary bu künjegiň gözelligine görk goşýar, howany has-da arassalaýar.
Hazar deňzi ajaýyp tebigy suw howdany bolup, onuň biologik we uglewodorod serişdeleri Hazarýaka döwletleriň, şol sanda Türkmenistanyň esasy baýlyklarynyň hatarynda durýar. Golaýda ýurdumyzda geçirilen Hazar deňziniň güni hem-de «Hazar deňzi — parahatçylyk we dostluk deňzi» atly ylmy-amaly maslahat hem deňziň ekologiýasyny goramakda hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini giňeltmek işinde nobatdaky möhüm ädim boldy.
Ekologiýa abadançylygy babatdaky başlangyçlary ilerletmek Türkmenistanyň daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlendi. Bu ugurda halkara hyzmatdaşlyga işjeň gatnaşýan ýurdumyz ähli gyzyklanma bildirýän taraplar bilen, ilkinji nobatda, BMG- niň çäklerindäki hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berýär. Şunda üstünlikli amala aşyrylýan milli strategiýa BMG-niň Durnukly ösüş maksatlaryna we dünýäniň ekoulgamyny goramak boýunça öňde durýan möhüm wezipelere doly laýyk gelýär. Ýurdumyz BMG-niň biologik köpdürlülik, çölleşmä garşy göreşmek, howanyň üýtgemegi, ozon gatlagyny goramak, serhetüsti suw akymlaryny we halkara kölleri aýawly peýdalanmak baradaky degişli resminamalary, şeýle-de Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak hakynda Çarçuwaly konwensiýany, BMG-niň Ösüş maksatnamasyny, Daşky gurşaw boýunça maksatnamasyny, Ählumumy ekologiýa gaznasy bilen bilelikde durmuşa geçirilýän taslamalary tassyklady.
Hazar deňzi köp görnüşli ösümlik we haýwanat dünýäsine eýe bolmak bilen, tebigatyň hakyky merjenidir. Olaryň köp görnüşi endemik bolup, sebitiň biologik genofonduny düzýär. Türkmenistan Hazarda ekologik taýdan ýaramaz täsirleriň öňüni almaga bagyşlanan çärelere işjeň gatnaşýar. Hazaryň kenarynda döwrebap şypahanalaryň, myhmanhanalaryň, dynç alyş toplumlarynyň gurulmagy, olaryň halkara ekologik howpsuzlyk görkezijilerine laýyk gelmegi taslamalara bildirilýän möhüm talaplaryň biridir.
Hazar deňzi Aziýa bilen Ýewropanyň serhedinde ýerleşip, onuň kenarlary bäş ýurdy — Türkmenistany, Russiýany, Gazagystany, Azerbaýjany, Eýrany özara baglanyşdyrýar. Bu ýurtlarda Hazar deňzi boýunça duşuşyklar hem-de forumlar, şol sanda Ýörite iş toparynyň, Hazarýaka döwletleriň ygtyýarly wekilleriniň mejlisleri, halkara maslahatlar yzygiderli geçirilýär. Ýurdumyz Hazar deňzindäki özara bähbitli hyzmatdaşlyga kenarýaka döwletleriň arasynda parahatçylygy, ylalaşygy hem-de ähli ileri tutulýan ugurlarda gatnaşyklary ösdürmek we pugtalandyrmak üçin netijeli gural, ygtybarly «gepleşik meýdançasy» hökmünde garaýar.
Hazar deňzi — Watanymyzyň mineral çeşmeleriniň hem mekany. Ylaýta-da, deňiz suwunyň, howasynyň, ösümlikleriniň, mineral suwlaryň, bejeriş palçyklarydyr beýleki himiki birleşmeleriň adam saglygyna peýdasy uly. Hazar täsin we gaýtalanmajak ekoulgam bolup, dünýäde hem deňziň, hem kölüň alamatlaryny özünde jemleýär. Hazar deňzi her ýylda Garabogazköl aýlagyna 8 — 10 kilometr kub suw we takmynan, 150 müň tonna duz guýýar. Şol duzlary adamyň haýry üçin ulanmak maksady bilen, döwlet derejesinde birnäçe taslamalar amala aşyrylýar.
Hazar deňziniň türkmen böleginde degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň işini utgaşdyrmak, Hazar deňzi boýunça Hereketleriň milli meýilnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, ýurdumyzda Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara topar döredildi. Türkmenistan öz goňşulary, esasy hyzmatdaşlary, şol sanda abraýly halkara guramalar bilen ýakyndan gatnaşyk etmek arkaly Hazar deňzindäki bar bolan we ýüze çykyp biläýjek ekologiýa meselelerini çözmekde täze çemeleşmeleri teklip edýär.
Döwletimiz Hazar ekologiýa maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýar. Hazar deňziniň, hususan-da, onuň ekologiýa meseleleriniň çözgüdi, köplenç, bu ugurdaky halkara hyzmatdaşlyga baglydyr. Häzirki wagtda halkara ylalaşyklarda we şertnamalarda göz öňünde tutulan ekologiýa meselelerine barha uly üns berilýär. Hazar deňziniň daşky gurşawynyň, ekologiýasynyň goraglylygyny üpjün etmek Hazarýaka döwletleriň öňünde durýan esasy wezipeleriň biridir. 2003-nji ýylyň noýabrynda Hazarýaka döwletler tarapyndan Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak boýunça Çarçuwaly konwensiýa gol çekildi. Bu konwensiýa 2006-njy ýylyň 12-nji awgustynda Hazarýaka döwletleriň ählisiniň parlamentleri tarapyndan tassyklanan badyna güýje girdi. Şol gün «Hazaryň halkara güni» diýlip resmi taýdan yglan edildi. Bu sene Hazarýaka ýurtlar tarapyndan bellenilýär.
Türkmenistan ýodbromly suwlaryň Hazar kenarynda ýerleşýän iri ýataklaryna eýedir. Çeleken, Boýadag, Nebitdag-Monjukly ýataklary senagat taýdan işlenilip taýýarlanylýan ýataklardyr. Gögerendag-Garadaşly ýatagy ätiýaçlyk toparyna degişli bolup, onda Türkmenistanyň ýod gorlarynyň 50 göterimden gowragy jemlenendir. Türkmenistan bu babatda GDA ýurtarynyň arasynda birinji orunda durýar. Görşümiz ýaly, Hazar hazynaly deňizdir. Hazar deňziniň sebitinde ýaşaýan halklaryň, şeýle hem umumadamzat abadançylygynyň bähbidine bu ajaýyp, täsin suw howdanyny gorap saklamak, uglewodorod we mineral serişdelerini rejeli peýdalanmak Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan hem-de Arkadagly Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän döwlet ekologiýa syýasatynyň esasyny düzýär.