Türkmenistan Özbegistana gezmäge baran syýahatçylarynyň sany boýunça ýurtlaryň ilkinji onlugyna girdi


Türkmenistan Özbegistana gezmäge baran syýahatçylarynyň sany boýunça ýurtlaryň ilkinji onlugyna girdi



Türkmenistan şu ýylyň birinji ýarym ýyllygynda Özbegistana gezmäge baran syýahatçylarynyň sany boýunça dünýä döwletleriniň arasynda altynjy orny eýeledi. Jemi goňşy respublika 29,5 müň türkmen raýaty gezmäge bardy diýip Trend habar berýär.

Hasabat döwründe bu ýurda tutuş dünýäden jemi 3,1 milliondan gowrak daşary ýurt raýatlary geldi. Habar berilişine görä, Özbegistana gezmäge gelen syýahatçylarynyň sany boýunça birinji orny Täjigistan (958,5 müň), ikinji orny Gyrgyzystan (786,4 müň), üçünji orny Gazagystan (764,4 müň) eýeleýär.

Russiýa hem-de Türkiýe degişlilikde dördünji we bäşinji orny eýelediler. Şeýle hem Özbegistan Hindistanyň, Koreýa Respublikasynyň, Germaniýanyň we Hytaýyň syýahatçylary üçin özüne çekiji boldy.

Özbegistanyň syýahatçylyk pudagy sebitde iň ösenleriň biri hsaplanylýar: bu respublikada köpsanly taryhy-medeni ýadygärlikler, döwrebap şypahana düzümleri we beýlekiler bar.