Türkmen wekiliýeti Ärdebilde geçirilen YHG agza döwletleriň Syýahatçylyk ministrleriniň duşuşygyna gatnaşdy


Türkmen wekiliýeti Ärdebilde geçirilen YHG agza döwletleriň Syýahatçylyk ministrleriniň duşuşygyna gatnaşdy



2023-nji ýylyň 4-5-nji oktýabry aralygynda Eýran Yslam Respublikasynyň Ärdebil şäherinde geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Syýahatçylyk ministrleriniň 5-nji duşuşygyna we ýokary derejeli hünärmenleriniň 7-nji duşuşygyna Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Syýahatçylyk müdirliginiň başlygy Akynyýaz Agamyradow hem-de «Aziýanyň merjeni» hojalyk jemgyýetiniň baş direktory Gurban Gurbanow gatnaşdylar.

Duşuşygyň dowamynda gatnaşyjylaryň çykyşlary diňlenildi. Türkmenistanyň syýahatçylyk mümkinçilikleri, Beýik Ýüpek ýolunyň Türkmenistan üçin ähmiýeti, ÝUNESKO-nyň medeni mirasynyň sanawyna girizilen taryhy ýadygärliklerimiz barada giňişleýin maglumatlar berildi. Duşuşyga gatnaşan myhmanlara ýurdumyzyň syýahatçylyk mümkinçiliklerini mahabatlandyryjy bukletler, žurnallar, neşir we sowgatlyk önümleri gowşuryldy.

Türkmenistandan gatnaşyjy «Aziýanyň merjeni» hususy syýahatçylyk kärhanasynyň we Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň syýahatçylyk kompaniýalarynyň arasynda birnäçe gepleşikler geçirildi we şertnamalar baglaşdy.