Kämilleşdiriş okuwy geçirildi
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň syýahatçylyk ulgamyny ösdürmek boýunça strategiýasynyň iň wajyp ugurlary syýahatçylyk industriýasynyň geriminiň giňeldilmeginden, hyzmatlaryň hiliniň ýokarlandyrylmagyndan, bu pudak üçin ýokary hünär bilimli hünärmenleriň taýýarlanylmagyndan, netijeli maglumat – mahabat işiniň hem-de halkara gatnaşyklarynyň ösdürilmeginden ybaratdyr.
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň çäklerinde «Türkmenistanda Medeniýet ulgamyny ösdürmegiň 2019-2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny» amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Syýahatçylyk müdirliginiň gurnamagynda 2020-nji ýylyň 7-9-njy maýy aralygynda Aşgabat şäherindäki Syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebinde, ýurdumyzda syýahatçylyk işi bilen meşgullanýan kärhanalarynda we myhmanhanalarda zähmet çekýän hünärmenleriň hünär derejesini kämilleşdirmek we ýokarlandyrmak boýunça ýörite okuwlar geçirildi.
Kämilleşdiriş okuwlary: «Syýahatçylyk hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna girizilen üýtgeşmeler we syýahatçylyk ulgamyna degişli kada-kanunçylyk üpjünçiligi; Syýahatçylyk we myhmanhana kärhanalaryny mahabatlandyrmagyň ähmiýeti, mahabatyň görnüşleri; Syýahatçylyk we myhmanahana hyzmatlaryny dünýä standartlaryna görä işläp düzmek; Myhmanhanalarda sanly ulgam üpjünçiligi we hyzmatlaryň ýerine ýetirilişi: Ýurdumyzyň çäginde häzirki wagtda gazuw-agtaryş işleri geçirilýän ýadygärlikleriň taryhy-medeni ähmiýeti baradaky mowzuklarda geçirildi.