Duşanbede geçirilen halkara syýahatçylyk forumyna türkmen wekiliýeti gatnaşdy


Duşanbede geçirilen halkara syýahatçylyk forumyna türkmen wekiliýeti gatnaşdy



2023-nji ýylyň 7-8-nji sentýabry aralygynda Täjigistan Respublikasynyň Duşanbe şäherinde «GDA agza ýurtlaryň syýahatçylyk ulgamyndaky hyzmatdaşlygynyň täze tapgyry» atly halkara syýahatçylyk forumy geçirildi. Halkara forumyna Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlarynyň syýahatçylyk pudagynyň ýolbaşçylary, hünärmenleri we beýleki işewürler gatnaşdylar.

Halkara forumynyň dowamynda gatnaşyjylar çykyşlary diňlenildi. Türkmenistanyň syýahatçylyk mümkinçilikleri, Beýik Ýüpek ýolunyň Türkmenistan üçin ähmiýeti, ÝUNESKO-nyň medeni mirasynyň sanawyna girizilen taryhy ýadygärliklerimiz barada giňişleýin maglumatlar berildi. Foruma gatnaşyjylar bilelikdäki syýahatçylyk önümlerini döretmek, syýahatçylyk hyzmatlaryny sanlaşdyrmak we GDA ýurtlarynda syýahatçylyk toparlaryny ösdürmek boýunça tejribe alyşdylar.

Halkara forumynyň iş maksatnamasy dürli ýurtlardan syýahatçylyk operatorlarynyň arasynda duşuşyklary we gepleşikleri öz içine aldy. Türkmenistandan gatnaşyjy «Bagtyýar dostlar» hususy syýahatçylyk kärhanasynyň we Täjigistan Respublikasynyň syýahatçylyk kärhanalarynyň arasynda birnäçe şertnamalar baglaşyldy.