TÜRKMENISTANDA EKOLOGIÝA SYÝAHATÇYLYGYNYŇ ÖSDÜRILIŞI


TÜRKMENISTANDA EKOLOGIÝA SYÝAHATÇYLYGYNYŇ ÖSDÜRILIŞI



Häzirki döwürde ýurdumyzda syýahatçylyk pudagyny ösdürmeklige aýratyn üns berilýär. Dünýä ýurtlarynyň tejribesinde syýahatçylygyň dürli görnüşleri bardyr. Olara taryhy-medeni ýadygärliklere syýahat, şypahanalara syýahat, sport syýahat, ekosyýahat, dag-çöl landşaftyna syýahat, tebigy ýadygärliklere syýahat degişlidir. Bütindünýä syýahatçylyk guramasynyň berýän bahasyna görä, ekologiýa syýahatçylygy ХХI asyrda syýahatçylygyň has oňaýly ugurlarynyň biri hasaplanýar. Türkmenistan bolsa, ekologiýa syýahatçylygyna degişli kuwwatly mümkinçiliklere eýedir.
Hormatly Prezidentimiz “Türkmenistan – melhemler mekany” atly ylmy işinde: “Ýurdumyzda daglaryň, derýalaryň, kölleriň, çölüň we deňziň, dürli görnüşli termal we mineral çeşmeleriň, melhemlik palçyklaryň, özboluşly ösümlik we haýwanat dünýäsiniň bolmagy syýahatçylygy ösdürmek üçin uly mümkinçilikleri döredýär” diýip belleýär.
Gadymy Ýüpek ýolunyň möhüm bölegi bolan Türkmenistan syýahatçylyk ulgamynda ägirt uly mümkinçiliklere eýe bolup durýar. Türkmenistan medeni-taryhy ýadygärlikler bilen bir hatarda syýahatçylary özüne çekýän tebigy ýadygärliklere hem baýdyr. Köpetdagyň etekleri, Garagumuň ösümlik we haýwanat dünýäsi, Amyderýanyň kenar ýakalary, Köýtendag, Günorta-Günbatar Türkmenistanyň subtropiki ýerleri, şeýle hem dünýäde iň bir arassa kenar hasaplanýan, tebigy gözellikleriň, ajaýyplyklaryň iň baý ýeri Hazar deňziniň türkmen kenary-Awaza ekosyýahatçylygy üçin örän täsirli ýerlerdir. Arassa deňiz suwy, hoştap howasy, mineral birleşmeleri we bejeriş palçyklary bilen meşhur bolan Hazar deňziniň türkmen kenary täsin haýwanat dünýäsi we biodürlüligi bilen ekosyýahatçylyk ulgamyny ösdürmek üçin örän amatlydyr. Hazaryň kenary ýylyň dört paslynda-da öz gözelligi, ajaýyplygy bilen aklyňy haýran edýär.

Ýurdumyzyň günorta-gündogarynda ýerleşen, tebigy ýadygärlikleriň toplumlaryny özünde jemleýän Köýtendag ekosyýahatçylygy ösdürmekde geljegi uly bolan ajaýyp ýerleriň biridir. Köýtendag etrabynda ýerleşýän gadym döwürlerde ýaşap geçen dinozawrlaryň yzlarynyň daşa öwrülen sudurlary ony synlaýan syýahatçylarda uly gyzyklanma döredýär. Köýtendagyň Umbar dere şaglawugy, Kyrkgyz gowagy, Gaýnarbaba çeşmesi, dag jülgeleri ýaly gözel we täsin ýerleri hem özüniň gözelligi, täsinligi bilen görenleri haýrana goýýar. Taryhy-medeni we tebigy ýadygärliklere baý bolan Köýtendag sebitleri ýerli we halkara syýahatçylaryň köp gelýän hem-de gyzyklanma bildirýän ýerleriniň birine öwrüldi.
Türkmenistanyň tebigaty özboluşly täsin ösümlik we haýwanat dünýäsi bilen tapawutlanýar. Arçabil we Gökdere jülgeleri Köpetdagyň örän gözel ýerinde ýerleşendir. Bu ajaýyp jülgelerde arassa dag howasy, çogly güneş, howanyň gündelik üýtgemesi adama ruhlandyryjy, dartgynlygy aýyryjy we şähdiňi açyjy aýratynlyklary bilen täsir edýär. Ýurdumyzyň günorta-günbatarynda ýerleşen Sumbar jülgesi hem ekosyýahatçylygy ösdürmekde geljegi uly bolan ýerleriň hataryna girýär. Sumbar jülgesi özüniň ajaýyp dag dereleri, çeşme-çaýlary, täsin haýwanat dünýäsi we datly miweleri, hoz tokaýlyklary bilen tapawutlanýar. Günbatar Köpetdagyň iň gözel ýerleriniň biri Aýdere jülgesidir. Ol dag-sähra häsiýetli howasy, ösümlik we haýwanat görnüşleriniň köpdürlüligi, onlarça dury suwly çeşmeli gözel dereleri, köne galalary we gadymy döwürden galan taryhy ýadygärlikleri bilen tapawutlanýar.
Dünýäniň çägeli çölleriniň iň ulularynyň biri bolan Garagum çöli baý haýwanat we ösümlik dünýäsi, yssy, gurak howa şertleri, tebigy keşbiniň üýtgewsizligi, onuň çäklerinde ýerleşýän oazisler, taryhy-arheologiýa we beýleki täsin aýratynlyklary bilen dünýä ýurtlarynyň köp sanly jahankeşdelerini özüne çekýär. Ýaz we güýz aýlary çölüň owadan keşbiniň ekosyýahatçylyk üçin ýaramlylygy has artýar. Türkmenistan döwletimiziň hiç bir döwletiňkä meňzemeýän, özboluşly ajaýyp tebigaty, jana şypaly howasy bar.
Döwlet Baştutanymyz Watanymyzyň ekologiýa howpsuzlygyny we abadançylygyny üpjün etmek baradaky döwlet syýasatynda türkmen tebigatynyň asyl durkuny saklap galmak we onuň şeýle ajaýyp gözelligini geljekki nesillerimize miras galdyrmak meselesine aýratyn üns berýär we bu ugurda giň möçberli, il-ýurt bähbitli işleri durmuşa geçirýär.