«Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri» atly halkara maslahaty geçirildi


«Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri» atly halkara maslahaty geçirildi



Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň syýahatçylyk ulgamynyň işini ösdürmek, bu ulgamyň hukuk, ykdysady we durmuş esaslaryny kämilleşdirmek üçin ähli zerur şertler döredilýär.

2023-nji ýylyň 20-22-nji marty aralygynda «Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri» atly halkara maslahaty geçirildi. 20-nji martda Aşgabat şäherindäki “Arçabil” myhmanhanasynda halkara maslahatynyň dabaraly açylyşy boldy.

Maslahata ýerli syýahatçylyk kärhanalarynyň ýolbaşçylary, Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen şäherleriň Guramasynyň, Bolgariýanyň, Horwatiýanyň, Russiýanyň, Hytaýyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň, Eýranyň syýahatçylyk kompaniýalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Forumyň dowamynda maslahata gatnaşyjylaryň çykyşlary diňlenildi. Maslahatyň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi. Duşuşyklar tamamlanandan soňra ýurdumyzyň syýahatçylyk kärhanalary bilen daşary ýurtly hyzmatdaş kompaniýalarynyň arasynda şertnamalara gol çekmek dabarasy geçirildi.

Günüň ikinji ýarymynda halkara maslahata gatnaşyjylar Köne Nusaý galasyna, Türkmen halysynyň milli muzeýine, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine baryp gördüler.

21-nji martda halkara maslahatyna gatnaşyjylar Milli bahar baýramy – Halkara Nowruz güni mynasybetli Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde Nowruz ýaýlasynda geçirilen dabaralara gatnaşdylar.

22-nji martda daşary ýurtly myhmanlar Türkmenbaşy şäherine baryp, Hazar deňzinde gämide gezelenç etdiler.

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagyndaky “Berkarar” myhmanhanasynyň mejlisler jaýynda halkara maslahatynyň ýapylyş dabarasy geçirildi.