Türkmenistanda Syýahatçylygyň Görnüşleri Barada
Türkmenistanda syýahatçylygyň görnüşleri:
Halkara syýahatçylyk – syýahatçylyk pudagynyň edara-kärhanalarynyň Türkmenistanyň çäklerinde daşary ýurtly syýahatçylara syýahatçylyk hyzmatlaryny etmek we syýahatçylyk önümi bilen üpjün etmek hem-de ýurt daşynda (giriş we çykyş syýahatçylygy) syýahatçylara syýahatçylyk hyzmatlaryny etmek we syýahatçylyk önümi bilen üpjün etmek babatdaky yzygiderli we bir maksada gönükdirilen iş;
Milli syýahatçylyk – syýahatçylyk pudagyndaky içerki syýahatçylygyň we çykyş syýahatçylygynyň işleriniň jemi, ýagny öz döwletimiziň ýaşaýjylary bolan syýahatçylara hyzmat ediş işi (içerki we çykyş syýahatçylygy) – şekilinde görkezip bolar. Syýahatçylyga ykdysady çäklerde, ynsanlaryň hereket etmeginiň, ilatyň iş bilen meşgul bolmaklygynyň dowamly gidişi we netijesi hökmünde seretmek bolar.
Syýahatçylyk – köp ýurtlaryň ykdysadyýetiniň wajyp bölegini emele getirýär we bu pudak ýerli ilatyň iş bilen üpjün edilmegini kepillendirýär, myhmanhanalaryň, restoranlardyr garbanyşhanalaryň, tomaşa ediliş merkezleriň adamlar bilen doldurylmagyna ýardam edýär, ülkäniň girdejisine daşary ýurt altyn pulunyň gelmegini ýola goýýar.
Syýahatçylygyň esasy ugry ýurduň taryhyny, taryhy ýadygärliklerini öwrenmekden, gözel ýerlerinde gezelenç edip wagtyňy hoş geçirmekden ybaratdyr. Agzalmasy gerek bolan syýahatçylyk ugurlarynyň hatarynda bejeriş we saglygyňy dikeldiş, işewür-hünärmenlik, myhmançylyk we beýleki ähmiýetli ugurlary görkezmek bolar. Halkara syýahatçylyk gatnaşyklarynyň esasyny wagt geçirme we dynç alma maksatly edilýän syýahatlar düzýär, bu ugurlaryň paýyna dünýä syýahatçylygynyň 70% töweregi düşýär. Olar sagaldyş, öwrenijilik, höwesjeň, sport gezelençlerini özüne birleşdirýärler. Syýahatçylyk hakynda Türkmenistanyň Kanunynda syýahatçylygyň birnäçe görnüşleri barada bellenilýär.
Dynç alyş-sagaldyş syýahatçylygy – dynç almak, adamyň zähmetiň dowamynda sarp eden güýjüni dikeltmek maksady bilen amala aşyrylýar.
Medeni-öwrenijilik syýahatçylygy – taryhy-medeni ähmiýetli gymmatlyklara baryp görmek, öwrenmek we medeni çärelere gatnaşmak maksady bilen amala aşyrylýar.
Professional-işewürlik syýahatçylygy – sapara barylýan ýerden girdeji alynmaýan gulluk maksatly syýahatlary öz içine alýan syýahat bolmak bilen, bu ugurda syýahatçylar syýahaty kongreslere, konferensiýalara, gepleşiklere, maslahatlara, mejlislere, söwda ýarmarkalaryna, sergilere we beýleki işewürlik çärelerine gatnaşmak maksady bilen amala aşyrýarlar. Işewürlik syýahatçylygyny köplenç ýagdaýda iş gezelençlerine, maslahat-sergi gezelençlerine we ýokary depginli syýahatçylyga bölýärler.
Bilim syýahatçylygy – öwredijilik we ylmy maksatly amala aşyrylýar: adamyň işi ýa-da hünäri bilen baglanyşykly hünäri ýokarlandyryş; bilim almak; barlag işi we ylmy rugsatlar; şeýle hem okuw prosesini guramazdan bilim edaralarynda, şeýle-de tomusky dynç alyş merkezlerinde ulular hem çagalar üçin dil maksatnamalary.
Durmuş syýahatçylygy – Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň durmuş maksatlary üçin goýberilýän serişdeleriniň, şeýle hem ýuridik şahslaryň, hususy telekeçileriň we fiziki şahslaryň serişdeleriniň hasabyna dolulygyna ýa-da bölekleýin amala aşyrylýar. Durmuş syýahatçylygyna çagalar we ýetginjekler syýahatçylygy; maşgala syýahatçylygy; gartaşan adamlaryň, maýyplaryň we weteranlaryň syýahatçylygy; bejeriş-sagaldyş syýahatçylygy, tanyşlaryňa we dogan-garyndaşlaryňa barmak we beýlekiler girýär.
Ekologik syýahatçylygy – seýrek duş gelýän tebigy desgalara, goraghanalara, milli tebigy seýilgählere, şeýle hem tebigaty goraýyş maksatly çärelere gatnaşmak maksady bilen amala aşyrylýar.
Sport syýahatçylygy – höwesjeňleriň we professionallaryň sport ýaryşlaryna (täjirçilik häsiýetlilerinden başgalary) gatnaşmaklygy bilen, şeýle hem sport çärelerine tomaşaçy hökmünde barmaklygy bilen baglanyşykly amala aşyrylýar.
Işjeň syýahatçylyk – belli bir ugur boýunça hereket etmegiň işjeň ýollary bilen baglanyşykly (pyýada, dagdaky, welosipedli, atly, düýeli, suwdaky we beýleki) amala aşyrylýar.
Zyýarat syýahatçylygy - diýlip keramatly, mukaddes, taryh bilen baglanyşykly bolan ýerlere baryp görmek we dini çärelere gatnaşmak maksatly syýahatçylyga düşünilýär.