«Türkmenistanda ösümlikleri goramagyň 2022-2025-nji ýyllar üçin Döwlet Maksatnamasy» tassyklanyldy
Bu Maksatnamany amala aşyrmak boýunça çäreleriň meýilnamasynda ýerine ýetiriljek işleriň anyk ugurlary we ýerine ýetiriljek möhleti kesgitlenildi.
Maksatnamada oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny ylmy esasda ösdürip ýetişdirmek, ilaty azyk önümleriniň dürli görnüşleri bilen bolelin üpjün etmek hem-de azyk howpsuzlygyny pugatalandyrmak boýunça göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli amala aşyrmakda ösümlikleri goramak meselesine hem aýratyn üns berilýär.
Maksatnama VIII bapdan ybarat bolup, ösümlikleri goramagyň agrotehniki, biologiki we himiki usullary hem-de amala aşyrmaly çäreleriň ylmy esaslary beýan edilýär.
Oba hojalyk pudagynda ösümlikleriň zyýankeşlerine garşy göreş çäreleri esasan himiki usullary ulanmak arkaly ýerine ýetirilmegi, daşky gurşawyň hapalanmagynyň hem-de peýdaly mör-möjekleriň gyrylmagynyň öňüni almak, olary peýdalanmagyň kesgitlenen kadasynyň we möhletiniň berjaý edilmeginiň zerurlygy bellenilýär.
Ösümlikleriň zyýankeşlerine garşy göreşmekde ekologiki taýdan arassa we ykdysady taýdan bähbitli bolan ösümlikleri goramagyň biologik serişdelerini önümçilikde ulanmak işleri ileri tutulmalydyr hem-de bu ugurda ylmyň gazanan öňdebaryjy tejribeleriniň önümçilige yzygiderli ornaşdyrylmalydygy «Türkmenistanda ösümlikleri goramagyň 2022-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda» bellenilýär.
Resminamanyň esasy maksady oba hojalyk ekinlerinde we olaryň ösdürilip ýetişdirilýän meýdanlarynda ýüze çykýan, ekinleriň hasyl berijiligine we hiline zyýanly täsir edýän, zyýankeşlere, ösümlikleriň kesellerine we haşal otlara garşy göreş çärelerini ylmy esasda guramakdan hem-de olara garşy göreşmegiň usullaryny kämilleşdirmekden ybaratdyr.
Oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmekde ösümlikleri zyýankeşlerden, kesellerden we haşal otlardan goramakda agrotehniki çäreleri geçirmek, ösümlikleriň zyýankeşlerine garşy biologik serişdeleri ulanmak we ösümlikleriň zyýankeşlerine, kesellerine we haşal otlara garşy himiki usullaryny ulanmak maslahat berilýär.
Maksatnamada ekin we öri meýdanlaryny çekirtge zyýankeşlerinden gorap saklamak meselesiniň döwletiň aýratyn üns merkezinde saklanylýandygy bellenilip, bu zyýankeşleriň garşysyna geçirilmeli birnäçe çäreler we usullar hödürlenilýär.
«Türkmenistanda ösümlikleri goramagyň 2022-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» amala aşyrylmagy, ýurtda oba hojalyk ekinlerini ösdürmeklige, zyýankeşlerinden, kesellerinden we haşal otlardan gorap saklamaga hem-de ekinlerden bol hasyl almak arkaly öndürilýän oba hojalyk önümleriniň möçberlerini artdyrmaga, şonuň bilen birlikde Türkmenistanyň ilatyny hem-de senagat kärhanalaryny bu önümler bilen bolelin üpjün etmäge, eksport edilýän oba hojalyk önümleriniň möçberini artdyrmaga, şeýle hem azyk howpsuzlygyny pugatalandyrmaga uly ýardam eder.