Sagaldyş syýahatçylygynyň ähmiýeti
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ýurdumyzda häzirkizaman syýahatçylyk dynç alyş-şypahana ulgamynyň döredilmegi bagtyýar raýatlarymyzyň sagdyn bedenli, sagdyn ruhly bolmagy üçin durmuşa ornaşdyrylýan möhüm çäreleriň biridir. Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe kalbyňy joşdurýan, jana şypa berýän syýahatçylyk, kurort toplumlarynyň giden birulgamy döredildi.
Dürli medeniýetleriň çatrygynda ýerleşýän ýurtlaryň arasynda Türkmenistan amatly geografiki ýagdaýa, ummasyz tebigy baýlyklara eýedir. Munuň özi Türkmenistanyň Merkezi Aziýa sebitinde möhüm geosyýasy ýagdaýyny kesgitleýär. Türkmenistan syýahatçylygyň birnäçe görnüşlerini ösdürmek boýunça hem giň mümkinçiliklere eýedir.
Ýurdumyzda syýahatçylygyň iň giň ýaýran we ösen görnüşleriniň biri sagaldyş syýahaty bolup, ol özüne saglygy dikeldiş we keseli bejeriş maksatly çäreleri alýar. Saglygy dikeldiş syýahatçylygyň ýekebara görnüşi bolup, adamyň bedenine edýän täsirine baglylykda klimat, suw, palçyk we beýleki görnüşlere bölünýär. Syýahatçylygyň bu görnüşine suwa düşülýän kenarda dynç almaklyk hem degişlidir. Saglygy dikeldiş we keseli bejeriş syýahatçylygy özüniň beýleki syýahatçylygyň görnüşine görä möhletiniň uzaklygy bilen tapawutlanýar. Häzirki döwürde dünýä boýunça keselleri mümkin boldugyça tebigy bejeriş ýagdaýlaryny ulanmak bilen bejermäge ugur alynýar. Sebäbi tebigy bejeriş ýagdaýlary dermanlardan ekologiki taýdan arassalygy, bedene zyýansyzlygy, köpçülik üçin elýeterligi bilen tapawutlanýar.
Türkmenistanyň çägi dünýä ähmiýetli sagaldyş çeşmeleri bolan kesel bejeriji mineral we termal suwlaryň, klimatyň, palçykly, duzly kölleriň mekanydyr.
Hazaryň Türkmenistana degişli böleginiň kenar ýakasy, Köpetdagyň günorta çäkleri saglygy berkidiş-bejeriş babatynda tebigy şypahanalaryň mekanydyr. Arçman, Baýramaly, Mollagara, Ýylysuw we başga-da tebigy çeşmeler bejeriş aýratynlyklary boýunça dünýäniň iň ýokary ülňülerine laýyk gelýär. Berzeňňide Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň kardiologik ylmy-kliniki merkezi hassahanasynyň ylmy-şypahana bölümi hereket edýär. Bu bolsa öz nobatynda dürli taslamalary amala aşyrmak üçin uly mümkinçilikleri döredýär.
Türkmenistanyň Hazar deňziniň kenary, sagaldyjy palçyklar, mineral suwlar, çeşmeler, daglyk ýerleriniň howasy toplumlaýyn ulanylan ýagdaýynda syýahatçylygy, dynç alyş-sagaldyş merkezlerini giň gerimlerde ösdürmäge uly mümkinçilikleri berýär.