Syýahatçylyk - röwşen geljekli pudak


Syýahatçylyk - röwşen geljekli pudak



Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ykdysady işleriň ähli görnüşlerinde uly sepgitlere ýetildi. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda we öňdebaryjylygynda ýetilen sepgitler bilen çäklenmän, bedew bady bilen öňe gitmek, innowasion ykdysadyýeti kemala getirmek, önümçilik kärhanalaryny döwrüň talabyna laýyklykda kämilleşdirmek, dünýä bazarynda bäsleşige ukyply hat-da bäsleşigi dörediji bolmagy üçin uly işler amala aşyrylýar.

Innowasion ykdysadyýeti kemala getirmegiň özi döwrüň möhüm talaplarynyň biri bolup durýar. Şu ýerde, innowasion ykdysadyýetiň halk hojalygynyň ähli pudaklaryny hem gurşap almagy zerur bolup durýar. Olaryň içinde ykdysady ösüşe esasy badalga berýän pudaklaryň biri bolan syýahatçylyk pudagy hem bardyr. Bu pudagyň ösmegi bolsa, ykdysadyýetiň ähli pudaklaryna täsir edip, olarda hem öňegidişlikleriň bolmagyna ýardam berýär.

Syýahatçylygy halkara standartlarynyň derejesinde durmuşa geçirmek üçin zerur bolan infrastrukturanyň emele gelmegi möhümdir. Watanymyzyň adam saglygy üçin şypaly künjeklerinde syýahatçylyk zolaklary döredilip, raýatlarymyzyň we daşary ýurtly syýahatçylaryň ýokary hilli dynç almaklary we saglygyny dikeltmekleri üçin şypahanalar guruldy. Hormatly Prezidentimiz hususy telekeçileriň syýahatçylyk pudagyna giňden çekilmegini gazanmak üçin uly tagallalar edýär.

Gahryman Arkadagymyzyň tabşyryklaryna laýyklykda elýeter bahaly, ýokary hilli syýahatçylyk hyzmatlaryny ýerine ýetirmek, syýahatçylyk bilen aýlawly baglanyşýan işleri höweslendirmek (ulag görnüşleriniň kireýine berilmegi, iýmit önümçiligi, ýolagçylary gatnatmak ulgamy we ş.m), syýahatçylyk zolaklarynda ýaşaýan halkymyzy syýahatçylyk işleriniň alnyp barylyşy bilen, daşary ýurt dillerini öwredilmegi, ýerli we daşary ýurt habar beriş ulgamlarda we internetde mahabat işlerini, maglumat elýeterliligini döretmek ýaly işler amala aşyrylýar.