Aşgabat –syýahatçylyk merkezi
Türkmenistan döwletimiziň paýtagty Aşgabadyň özboluşly hem gadymy taryhy bar. Bu ajaýyp şäher Köpetdagyň etegindäki giň düzlükde, deňiz derejesinden 214-240 metr belentlikde ýerleşýär. Onuň günorta tarapyny Köpetdagyň ajaýyp hem belent dag gerişleri gurşaýar, demirgazyk tarapyny bolsa Garagum çöli tutýar.
XVIII asyrda Ashabat (Aşgabadyň köne ady) obasy Ahal ýaýlasynda iň bir ilatly ýere öwrülýär. 1881-nji ýylda Aşgabat şäher hökmünde resmi taýdan yglan edilýär.
Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasynyň netijesinde, Aşgabat binagärlik taýdan Gündogaryň merjen şäherine öwrüldi. Paýtagtymyz bilen ta-pawutlanýar. Aşgabat şäherindäki ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary, döw-rebap durmuş-medeni maksatly desgalary, kaşaňlygy bilen biri-birinden tapa-wutlanýan owadan myhmanhanalar, göwünleri galkyndyrýan täsin suw çüwdü-rimleri, gözel seýilgähler, gije-gündiz ýalkym saçyp duran, gül-güläleklere besle-nen ak ýollar dünýä jahankeşdelerini haýrana goýýar. Paýtagtymyz halkymyzyň buýsanjyna, ýakyn-alysdan gelýän syýahatçylaryň guwanjyna öwrüldi.
Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy esasynda Aşgabat şäheri sebitde esasy syýasy, ykdysady we medeni merkez hökmünde uly mertebä eýedir. Ak şäherimiz Aşgabat halkara işewürliginiň, hyzmatdaşlygynyň daşary ýurtly syýahatçylaryň gelim-gidimli ýerine öwrüldi. Milli Liderimiz paýtagtymyzdaky her bir gurluşyk taslamasynyň binagärlik aýratynlyklarynyň milli däplerimiz bilen utgaşdyrylyp gurulmagy ugrunda uly tagallalar edýär.
Ýurdumyzda her ýylyň 25-nji maýynda Aşgabat şäheriniň gününiň baý-ram edilmegi, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaýbaňlandyrylan hem-de Aşgabadyň keşbinde öz beýanyny tapan oňyn özgertmeleriň gerimini äş-gär edýär. Paýtagtymyzyň ak mermerden bina bolýan keşbi – ak bagtymyzyň beýany. Çünki Aşgabat – ajaýyplyklaryň şäheri.
Halkara hyzmatdaşlygy nukdaýnazaryndan Aşgabat myhmansöýerligiň, ygtybarly hyzmatdaşlygyň, parahatçylykly döredijiligiň, ynsanperwerligiň me-kanydyr. Amala aşyrylýan giň gerimli işler ýurdumyzyň syýasy, durmuş-yk-dysady, ylym-bilim, syýahatçylyk, sport hem-de medeni merkezi hökmünde Aşgabat şäheriniň ähmiýetini has-da ýokarlandyrýar. Paýtagtymyzda halkara derejesindäki möhüm çäreleri geçirmek üçin ähli şertlere eýe bolan häzirki za-man binalar şäheriň keşbiniň şu günki aýratynlygydyr.
Gün-günden gözelleşýän paýtagtymyz Aşgabat şäheri özüniň milli bina-gärlik äheňindäki häzirki zaman ymaratlary bilen jahankeşdeleriň kalbyna şatlyk çaýýar. Deňi-taýy bolmadyk binalardyr-ymaratlaryň, köp sanly muzeýlerdir sergileriň we teatrlaryň utgaşykly sazlaşygy paýtagtymyzyň myhmanlarynyň ünsüni özüne çekýär. Dünýä ülňülerine laýyk hyzmatlary hödürleýän bäş ýyldyzly myhmanhanalar paýtagtymyza gelýän syýahatçylary we beýleki myhmanlary mähir bilen garşy alýar.
Gözelligi we özboluşlylygy bilen tapawutlanýan türkmen paýtagtynyň ajaýyp binalarynyň birnäçesi Ginnesiň bütindünýä rekordlar kitabynyň törüni bezeýär. Olaryň arasynda ýurdumyzyň Döwlet muzeýiniň öňündäki meýdançada oturdylan beýikligi 133 m bolan, depesinde milli baýdagymyz pasyrdap duran Döwlet baýdagynyň sütüni, Aşgabadyň halkara howa menziline barýan çatrykdaky ägirt uly suw çüwdürimler toplumy, Oguz hanyň ýyldyzy şekilindäki “Türkmenistan” teleradioýaýlymlar merkeziniň belent binasy, “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň tegelek şekilli syn ediş meýdançaly binasy, dünýäde iň uly elde dokalan haly we beýlekiler bar.
“Aşgabat şäheri – ak meremere örtülen jaýlaryň iň köp sanlysynyň bir ýerde jemlenen mekany” diýlip ykrar edildi, şeýle-de Olimpiýa stadionynyň münberini bezeýän ahalteke bedewiniň şekili dünýäde atyň iň uly nyşany hökmünde, Sportuň suw görnüşleri merkezi bolsa dünýäde iň uly suwda ýüzülýän üsti ýapyk howuz hökmünde, 2018-nji ýylyň 1-nji iýunynda “Aşga-bat” köpugurly stadionynda geçen welosport boýunça okuw sapagy bolsa «We-losiped sporty boýunça iň köpçülikleýin sapak» hökmünde dünýäniň rekordlarynyň sanawyna girdi.
Biziň paýtagtymyz özüniň beýleki binagärlik ymaratlary üçin halkara baýraklarynyň ýene-de birnäçesiniň eýesidir.