Türkmen wekiliýeti Ýaponiýada geçiriljek syýahatçylyk sergisine gatnaşar


Türkmen wekiliýeti Ýaponiýada geçiriljek syýahatçylyk sergisine gatnaşar



Şu ýylyň 26 – 29-njy oktýabrynda Ýaponiýanyň Osaka şäherinde «Tourism Expo Japan 2023» halkara syýahatçylyk sergisi geçiriler. Onda Merkezi Aziýa döwletleriniň sergi bölüminde Türkmenistanyň pawilýony hem görkeziler. Ýaponiýanyň halkara hyzmatdaşlyk agentliginiň sebit ýolbaşçysy Okuda Hisakasu Türkmenistanyň sergide görkeziljek diwarlygynyň nusgasyny görkezdi.

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň we birnäçe syýahatçylyk kärhanalary bilen geçirilen duşuşykda halkara serginiň çäklerinde guraljak tanyşdyryş çäreleri maslahatlaşyldy. Onda gatnaşyjy ýurtlaryň milli medeni mirasy görkeziler. Serginiň çäklerinde türkmen lybaslarynyň we bezeg şaý-sepleriniň görkezilişini guramak hem meýilleşdirilýär.

«Tourism Expo Japan 2023» halkara syýahatçylyk sergisi degişli pudakda iň iri forumlaryň biridir. Ol her ýylda Ýaponiýanyň Syýahatçylyk assosiasiýasy, Ýaponiýanyň Syýahatçylyk agentlikleriniň assosiasiýasy we Ýaponiýanyň Milli syýahatçylyk guramasy tarapyndan guralýar.