TÜRKIÝÄNIŇ TEBIGATY
Türkiýe Respublikasy Ýewropanyň, Aziýanyň we Afrikanyň birleşýän nokadynda ýerleşýär. Geografiki taýdan Ýer ýüzüniň Demirgazyk böleginde ekwatora golaý Demirgazyk polýus tarapynda ýerleşip, Gara, Mramor, Egeý we Ortaýer deňizleriniň suwlary bilen birigýär.
Bu ýerde relýefiň dürlüligi sebäpli, Türkiýe Respublikasynyň meýdanynyň birnäçe howa şertlerine bölünmegine getirdi. Türkiýe Respublikasynyň meýdanyndan akýan derýalaryň köp bosagaly bolup, şarlawugy hem bardyr. Olar dag eteklerinde ýerleşýändigi üçin suwlarynyň ugurlary daglaryň depesindäki garlaryň eremeginde ýa-da ýagyşlaryň ýagmagyna bagly bolup durýar.
Tors dag gerşi
Tors dag gerşi — Türkiýäniň günorta tarapyny bezeýär. Günbatar Tawryň dag gerişleri Antalýa pesliginiň aýlagyny kesip geçýär we öz içine iki sany ýarym adany alyp deňze gidýär. Esasy beýiklik bolan — Bedag beýikliginiň ululygy 3086 m. Dagyň aralygynda duzly we duzsuz suwly köller, tebigy çukurlar ýerleşýär.
Aýratyn gerişler we dag zynjyrlary tebigy çukurlar bilen gabat gelýärler. Esasy beýiklik — Uly Ararat hasaplanylýar. Türkiýede iň ýokary beýiklik garly örtükli nusgawy konus, bu sönen wulkandyr 5165 m. hem-de Kiçi Ararat 3925 m.
Türkiýede içki suwlar örän dürli bolup, köpüsi dag derýalarydyr. Olar gämi gatnawy üçin niýetlenilmedik emma, olarda gidroenergiýanyň düýpli ätiýaçlyklary bardyr. Derýalaryň Hazar deňzine degişlisi — (Arake, Kura), Fars deňzine — (Tigr, Ýewfrat), Gara deňzine — (Ýeştil-Irmak, Çoruh, Kyzyl-Irmak we başgalar), Egeý deňzine degişlisi (Maritsa) we Ýerorta Hazar deňziniň basseýnleridir.
Kyzyl-Irmak
Kyzyl-Irmak — Türkiýäniň iň uzyn derýasydyr. Onuň uzaklygy 1355 km. barabardyr. Ikinji orunda — Ýewfrat derýasy (Türkiýäniň meýdanynda ol 971 km. golaýdyr). Şeýle hem bu derýanyň gidroenergetik potensialy bar.
Bu ýurtdaky köller owadan we dürli-dürlüdir. Olaryň töwereklerinde köp görnüşli ösümlikler ösüp, dürli haýwanlar bar. Häzirki wagtda bu ýerler, ýerli ýaşaýjylar üçin dynç alyş merkezi bolup hyzmat edýär. Käbir suw howdanlary düýäniň iň uly suw howdanlarynyň hataryna girýär.
Wan köli
Wan köli — Türkiýäniň iň uly kölüdir. Onuň meýdany takmynan 3755 kwadrat km. deňdirr. Ol Wan şäherinden 6 km. uzaklykda ýerleşýär. Bu kölüň daşy deňizden 1312 km. belentlikde dag bilen gurşalan. Wan kölüniň suwunyň duzlulygy, deňziňkiden has-da ýokarydyr. Netijede, bu suwda ýüzmek örän amatly. Bu kölüň kenarynda ýerli ýaşaýjylar höwes bilan dynç alýarlar.
Tuz köli
Tuz köli — Türkiýäniň Anatoliýa welaýatynda ýerleşýär. Ol ululygy boýunça Wan kölünden soňdadyr. Tuz kölüniň duzlulygy 340%. Köl ýeterlik mukdarda kiçidir. Onuň çuňlulygy 2 metrden uly däldir. Tuz kölüniň meýdany 1500 kwadrat km. ini 50 — km. uzynlygy — 80 km.
Türkiýäniň ösümlik dünýäsi onuň relýefi we howa şerti boýunça üýtgeýär. Umuman alanymyzda, Türkiýede 10000-e golaý köp görnüşli ösümlikler ösýär. Olardan: Balzam agajy, Astragalus ösümligidir.