“Awaza” – dynç alşyň lezzeti


“Awaza” – dynç alşyň lezzeti



Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe häzirkizaman milli syýahatçylyk düzümini döretmek, ýurdumyzyň çäginde syýahatçylyk işiniň hukuk, ykdysady we durmuş esaslaryny kämilleşdirmek üçin uly işler durmuşa geçirilýär.

Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan adyl syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň esasylarynyň biri hem durmuşyň hemme taraplary boýunça doly şertleriň, şol sanda dünýä derejesiniň talaplaryna laýyk gelýän dynç alyş we syýahatçylyk infrastukturasyny döretmekdir. Hazaryň gözel kenarynda ýerleşýän “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň okgunly gülläp ösmegi, özgertmeleriň özboluşly bir nyşanyna öwrüldi. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen bu syýahatçylyk zolagynyň döredilmegi Türkmenistan döwletimizi ösüşleriň täze belentliklerine çykarmagyň strategiki meýilnamalary bilen gönüden-göni bagly bolup, diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem deňizýaka sebitinde hem syýahatçylygyň pajarlap ösmegine kuwwatly itergi berdi.

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagyna dynç almaga gelen her bir ynsanyň amatly dynç alşyny guramakda bu ýerde gurlup ulanylmaga berlen dürli ulgamlara niýetlenen bina gurluşyklaryň aýratyn ähmiýeti bardyr. Döwrebap äheňe ýugrulan, milli biçüwdäki binalar bu ýere gelenleriň aýratyn ünsüni çekýär.

Awaza –dynç almaga geliň!