Täsirli gezelenç
Golaýda Arkadag şäheriniň häkimliginiň, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň, Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň guramagynda, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň medeniýet, sungat we döredijilik işgärleri, eziz Watanymyzyň okgunly ösüşiniň aýdyň nyşanyna öwrülen, Arkadag şäherinde baýramçylyk awtobusly gezelenjinde boldular. Köpetdagyň eteginde – gözel künjekde gurlan Arkadag şäheri Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, yhlasly hem döredijilikli zähmeti bilen döredilen hakyky gudratdyr. Bu döwrebap şäher Türkmen halkynyň Milli Lideriniň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baky bagtyýar halkymyza eden iň gymmatly, iň naýbaşy sowgadydyr.
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk toýunyň öňüsyrasynda guralan bu gezelenjiniň dowamynda medeniýet, sungat we döredijilik işgärleri täze şäheriň ajaýyp künjeklerine «Arkadag Binasyna», Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkine, Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasyna, Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine aýlanyp gördüler. Gezelenjiň dowamynda Garaşsyz döwletimiziň bedew batly ösüşleri, sebitde deňi-taýy bolmadyk, dünýä nusgalyk Arkadag şäheriniň gözellikleri hakynda söhbetler edilip, şygyrlar okaldy, şirin owazly aýdym-sazlar ýaňlandy. Dag tebigatyny hem-de döwrebap şäher gurluşygyny özünde jemleýän «akylly» şähere guralan bu gezelenç oňa gatnaşan medeniýet, sungat we döredijilik işgärleriniň ylhamyna ylham goşup, täze kämil eserleri döretmäge ruhlandyrdy.