«Asma ýoly»


«Asma ýoly»



Gün-günden gözelleşýän paýtagtymyz Aşgabat şäheri özüniň milli binagärlik äheňindäki häzirki zaman ymaratlary, seýilgähleri bilen jahankeşdeleriň kalbyna şatlyk çaýýar. Olaryň biri hem Köpetdagyň gözel künjeklerinde ýerleşýän «Türkmenbaşynyň asma ýoly» bolup durýar. Ol 2006-njy ýyldan bäri halkymyza, daşary ýurtly myhmanlara hyzmat edýär. Bu ýerdäki asma ulgamy 320 adama niýetlenip, onda jemi 17 sany kejebe bar. Bu ýerlere syýahata gelýän myhmanlar üçin ýörite restoranlar we beýleki hyzmat ediş bölümler hem hereket edýär. Asma ulgamynyň ýokarky bekediniň meýdançasynda gurnalan dürbi arkaly ajaýyp dag tebigatyny, gözel paýtagtymyz Aşgabadyň keşbini synlamak bolýar. Bu täsin ýer diňe bir paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň däl, eýsem, daşary ýurtly syýahatçylaryň hem uly höwes bilen gelýän ýeridir.