Balkan täsinlikleri


Balkan täsinlikleri



Balkan welaýaty Türkmenistanyň sebitleriniň arasynda aýratyn möhüm orny eýeleýär. Geografiki ýerleşişi babatda juda amatly bolandygy onuň tapawutly aýratynlygynyň biridir. Bir wagtlar, «Orta Aziýanyň deňiz derwezesi» diýlip atlandyrylýan Hazaryň gündogar bölegi, Mendeleýewiň himiki tablisasyndaky ähli elementleri öz goýnunda saklap oturan Garabogaz aýlagy, günbatar Köpetdagyň iň gözel künjekleri, Garagumuň uç-gyraksyz sähralary welaýatyň çäklerini özara utgaşyklyk bilen sepleşdirýär.

Ensiklopedik kitaplardaky ýazgylara salgylansaň, Günbatar Türkmenistan taryhy ýadygärliklere baý. Ylaýta-da, Maşady-Misserian ýadygärlikleriniň öz döwrüniň syrly taryhyny goýnunda gizläp ýatanlygy hakda aýdylýar. Bu taryhy ýadygärlikler toplumy orta asyrlarda esaslandyrylan Misserian şäheriniň we Maşat gonamçylygynyň arheologiki galyndylaryny özünde jemleýär. Gadymy taryhy ýadygärlikler toplumy Etregiň etrap merkezinden 90 kilometr töweregi demirgazygynda ýerleşýär. Gadymy ýazgylarda bu ýerler Misserian ülkesi diýlip atlandyrylypdyr. Misserian şäheri orta asyryň iň uly oturymly ojaklarynyň biri hökmünde tanalyp, şol ýerde, esasan, IX-XVI asyrlarda joşgunly ýaşaýyş bolupdyr. Bişen kerpiçlerden bina edilen köp sanly arhitektura ymaratlary: minaralar, mawzoleýler, kerwensaraýlar, ägirt uly gala diwarlary hem-de olaryň üstündäki belent diňler daşdan gelýän jahankeşdeleri haýran galdyrypdyr.

Maşat gonamçylygynda orta asyrdan habar berýän desgalaryň köp sanly harabaçylygy bar. Şolaryň iň owadany ýerli ilat tarapyndan Maşat Ata diýlip atlandyrylýan mawzoleýdir. Bu mawzoleý arheologik ýazgylarda Şirkebir mawzoleýi diýlip hem atlandyrylýar. Taryhy ýadygärlikler Esenguly etrabynyň çäklerinde hem gabat gelýär. Ýöne Hazar ýakasyna mahsus medeni gymmatlyklaryň iň naýbaşylarynyň biri geýzer-wulkan palçyklarydyr. Olaryň doňup galan şekilleri görenleri haýran edýär. Bu palçyklar bejerijilik häsiýeti babatda dünýäde iň gymmatly palçyklaryň hataryna girýär. Welaýatyň taryhy-medeni, şeýle hem tebigy ýadygärliklerine täze ugurlar açylar. Sebäbi olaryň käbiri ÝUNESKO-nyň medeni mirasynyň gymmatlyklarynyň hataryna goşulmaga mynasypdyr.

Hazar deňziniň adalary-da gaty täsindir, biologiki taýdan köp görnüşlidir. Adalarda we ýarymadalarda fauna we flora aýratynlyklary üýtgeşikligi bilen haýran galdyrýar. Şolaryň biri-de Ogurjaly adasydyr. Bu ýerde keýikleri goramak we köpeltmek maksady bilen uly işler amala aşyrylýar.