Syýahatçylyk


Syýahatçylyk



Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda syýahatçylygyň hem-de myhmansöýerligiň milli nusgalarynyň ösdürilmegine uly ähmiýet berilýär. Milli Liderimiziň syýahatçylyk ulgamyny ösdürmek boýunça strategiýasynyň iň wajyp ugurlary syýahatçylyk ugurlarynyň çäkleriniň giňeldilmeginden, hyzmatlaryň hiliniň ýokarlandyrylmagyndan, bu pudak üçin ýokary hünärli hünärmenleriň taýýarlanylmagyndan, netijeli maglumat-mahabat işiniň hem-de halkara gatnaşyklarynyň ýola goýulmagyndan ybaratdyr.

2020-nji ýylyň 7-nji fewralynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Biz halkara syýahatçylyk ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmelidiris” diýip aýtdy we şu maksat bilen, täze syýahatçylyk ugurlaryny taýýarlamak hem-de olary zerur hyzmatlar bilen üpjün etmek barada anyk görkezmeleri berdi.

Durmuş syýasatynyň wajyp ugurlarynyň biri syýahatçylyk bolup durýar. Ýurduň syýahatçylyk senagatynyň iň bir girdejili ugry hökmünde halkara syýahatçylygynyň ösdürilmegi Türkmenistanda syýahatçylyk işi bilen meşgullanýan fiziki we ýuridiki şahslaryň esasy wezipeleriniň biri bolup durýar. Daşary ýurtly syýahatçylarynyň sanyny artdyrmak üçin täze syýahatçylyk ugurlary açmak, şeýle hem ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak boýunça zerur çäreleri amala aşyrmak möhüm çäreleriň biri bolup durýar.

Türkmenistanyň syýahatçylyk kärhanalarynyň tejribesinde ýerli we daşary ýurtly syýahatçylar üçin ýüzlerçe syýahatçylyk ugurlary bar. Häzirki wagtda täze syýahatçylyk ugurlaryny işläp taýýarlamak we olara bar bolan desgalary goşmak boýunça işler alnyp barylýar.