«Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri» atly halkara maslahaty


«Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri» atly halkara maslahaty



Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy, baky Bitaraplygynyň 25 ýyllygy, şeýle hem 2021-nji ýylyň «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýip yglan edilmegi mynasybetli halkara maslahatyny, dabaralary we çäreleri geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň 12-nji fewralyndaky №2140 belgili Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň hem-de Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň gurnamagynda 2021-nji ýylyň 17-nji noýabrynda «Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri» atly halkara maslahatynyň göni wideo aragatnaşyk arkaly geçirildi.
Syýahatçylyk onlaýn halkara maslahatyna Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň wekilleri, dünýäniň dürli ýurtlaryndan 20-ä golaý kompaniýalary hem-de Türkmenistanyň syýahatçylyk kärhanalarynyň wekilleri gatnaşdylar.
Maslahatyň başynda Türkmenistanyň syýahatçylyk mümkinçilikleri bilen tanyşdyrýan wideorolik görkezildi.
Soňra UNESCO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň jogapkär sekretary, Ýaponiýanyň “Eighty Days” kärhanasynyň ýolbaşçysy, Awstriýa-Türkmen jemgyýetiniň başlygy, Kanada döwletiniň “Eldertreks” kärhanasynyň ýolbaşçysy, Hytaý Halk Respublikasynyň “Serhetsiz dünýä” atly syýahatçylyk asosiassiýasynyň wekili, Hong Kong ETP (Asia) Partners Limited/Shenzhen IMPACT Culture Communication Co., Ltd –nyň direktory (wideorolik görkezdi), Gyrgyzystan Respublikasynyň “Ak Sai” kärhanasynyň menejeri, Özbegistan Respublikasynyň “Eurasiatravel” kärhanasynyň ýolbaşçysy, Eýran Yslam Respublikasynyň “Avazagasht Sepid Jed” kärhanasynyň ýolbaşçysy, Belarussiýa Respublikasynyň OOO “Raýdo tur” syýahatçylyk kompaniýasynyň direktory, Türkmenistanyň “Owadansyýahat” hususy kärhanasynyň menejeri çykyş etdiler.