Paryzdepe


Paryzdepe



Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe syýahatçylyk pudagyny has-da netijeli ösdürmek, ony halkara ülňülerine laýyk gelýän şertler bilen üpjün etmek, daşary ýurtly we ýerli syýahatçylaryň dynç alşa bolan isleglerini kanagatlandyrmak barada ajaýyp işler alnyp barylýar.

Bereketli türkmen topragy geçmişde adamzat siwilizasiýasynyň ýüze çykmagyna we kemala gelmegine, onuň dowamly ösüşine saldamly goşant goşan möhüm medeni merkezleriň biridir. Ýurdumyzyň çäginde taryh ylmy üçin örän ähmiýetli bolan arheologiýa ýadygärlikleriniň müňlerçesi ýerleşýär. Taryhy-arheologik ýadygärliklerimiz dünýä jahankeşdelerinde uly gyzyklanma döredýär. Köpetdagyň eteginde, Ahal ýaýlasynda ýerleşýän ylmy taýdan gymmatly arheologiýa ýadygärlikleriň biri-de Paryzdepedir. Hormatly Prezidentimiz 2016-njy ýylda Paryzdepe ýadygärligine baryp gördi we onuň ýagdaýy bilen tanşyp, bu ýerlerde toplumlaýyn ylmy barlaglarynyň geçirilmegini we ylmy esasda öwrenilmegini alymlaryň öňünde wezipe edip goýdy. Ýadygärligiň töwereklerini, onuň ýanaşyk ýerlerini göwnejaý abadanlaşdyryp, bag nahallaryny oturtmagy, gök zolaklary döretmegi, bu ýerde ösen baglaryň birmahalky taryhy keşbini gaýtadan dikeltmegi tabşyrdy. Mähriban Prezidentimiziň tagallalary bilen Paryzdepe ýadygärligi syýahatçylaryň gelim-gidimli ýerine öwrüldi.

Paryzdepe ýadygärligi biziň eýýamymyzdan öň V müňýyllyga degişlidigini ylmy maglumatlar tassyklýar. Onuň ösen döwri Beýik seljuk hökümdarlarynyň döwri bilen gabat gelýär. Orta asyrlarda Horasanyň merkezi şäherleriniň biri bolan Nusaýdan günbatar we demirgazyga gidýän söwda kerwenleri Paryzdepäniň üstünden geçipdir. Kerwen ýollarynyň ugrunda ýerleşmek bilen Paryzdepede senetçilik hünärmentçilik we söwda gülläp ösüpdir. Muňa Paryzdepäniň üstünde köp mukdarda duşýan orta asyrlara degişli syrçaly küýzeleriň, aýna we metal önümleriniň, bişen kerpiçleriň bölekleri şaýatlyk edýär. Tapyndylardan çen tutup, Paryzdepäniň medeni gatlagyny has irki döwürlere degişli edýärler. Arheologlaryň bellemegine görä, Paryzdepede bürünç döwrüniň ahyrlaryna-demir asyrynyň başyna degişli keramika önümleri agdyklyk edýär.

Paryzdepede we onuň töwereginde giçki orta asyrlarda hem (XVI-XVIII asyr) ýaşaýyş dowam edipdir. Muňa ýadygärligiň üstünden we daş töwereginden tapylýan arheologiýa tapyndylary we saklanyp galan gurluşyk desgalary şaýatlyk edýär. Häzir Paryzdepäniň töwereginde saklanyp galan diňli howlular giçki orta asyrlara degişli bolup, gurply ýer eýeleriniň ýaşan howlulary bolsa gerek. Häzirki wagtda Paryzdepäniň demirgazyk we gündogar taraplarynda daşy galaly we diňli berkidilen howlularyň dördüsiniň galyndylary saklanyp galypdyr. Ekerançylygyň we maldarçylygyň ýüze çykan ilkinji obalarynyň biri, ösen söwda we senetçilik merkezi bolan gymmatly Paryzdepe ýadygärligi halkara syýahatçylygynyň üns merkezinde durýan täsirli ýere öwrüldi.