TÜRKMENISTAN – DÜNÝÄ SYÝAHATÇYLYGYNYŇ ÝYLDYZY


TÜRKMENISTAN – DÜNÝÄ SYÝAHATÇYLYGYNYŇ ÝYLDYZY



Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň syýahatçylyk ulgamynyň işini ösdürmek, bu ulgamyň hukuk, ykdysady we durmuş esaslaryny kämilleşdirmek üçin ähli zerur şertler döredilýär. Şonuň netijesinde häzirki wagtda ýurdumyz dünýä syýahatçylygynyň üns merkezinde bolup durýar.

Türkmenistan baý taryhy, tebigy aýratynlygy hem-de gözel ýerleri bilen halkara syýahatçylarynyň, jahankeşdeleriniň ünsüni özüne çekýär. Munuň özi ýurdumyzyň syýahatçylyk pudagyny ösdürmäge we halkara syýahatçylygynyň gerimini giňeltmäge ýardam edýär. Güneşe baý ýurdumyzda dünýäniň syýahatçylary Bahry-Hazar bilen bilelikde, Gadymy Merwiň asyrlara şaýat bolup oturan ýadygärliklerine, Köneürgenjiň taryhy ýerlerine, Maşady-Misserianyň belent binalaryna, Lebabyň, Ahalyň giň çäklerindäki taryhy ýerlere keşt edýärler. Marydaky Soltan Sanjaryň mawzoleýi, Uly hem Kiçi Gyzgala ýadygärlikleri, Köneürgenç ýadygärlikleri, Maşady-Messerianyň Dehistan düzlügindäki asyrlara şaýat bolup oturan ýadygärlikler, Maşat ata kümmeti, Lebapdaky Köýtendagyň tebigy aýratynlyklary, Ahal düzlügindäki Nusaý, Sarahs baba, Änew ýadygärlikleri myhmanlarda ýatdan çykmajak täsirleri oýarýar.

Türkmen topragy dünýäde deňsiz-taýsyz ahalteke bedewleriniň mekanydyr. Ýurdumyza gelýän jahankeşdeler ýelden ýüwrük bedew atlary ýakyndan synlamaga mümkinçilik tapýarlar. Türkmen asmanynyň bezegi bolan elguşlar, çydamlylykda we güýçlülikde deňi-taýy bolmadyk türkmen arwanasy, eýesine wepalylykda nusga bolan türkmen alabaýy ýurdumyza gelýän syýahatçylaryň ünsüni çekýän iň bir ajaýyp milli gymmatlyklardyr. Halkymyzyň dünýä giňişligine beren bu gymmatlyklary hakynda Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly nusgawy kitabynda dürli maglumatlar beýan edilýär.

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagy ýurdumyzyň, şeýle-de, halkara syýahatçylyk ulgamyndaky ägirt uly taslamalaryň biri boldy. “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda birnäçe döwrebap myhmanhanalar ulanmaga berildi we bu işler yzygiderli dowam etdirilýär. Gojaman Hazaryň tylla kenaryndan uzap gidýän zolakda dynç alyş we gyzykly göwün açyş ýerleri, akwaparklary, restoranlary, sport klublary, dürli görnüşdäki attraksionlary we söwda merkezleri aýratyn ünsüňi çekýär. Ýurdumyzda syýahatçylyk ulgamynyň döwrebap infrastrukturasy döredilýär, ýagny gurulýan kaşaň myhmanhanalar, sagaldyş-dynç alyş ýerleri, güýmenje merkezleri, seýilgähler, döwrebap şaýollar, halkara howa menzlilleri, halkara deňiz porty we beýlekiler munuň aýdyň beýanydyr. “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy dünýä ýurtlaryndan gelýän jahankeşdeleri dünýä standartlaryna gabat gelýän kaşaň myhmanhanalary bilen garşy alýar. Hazaryň ekologiýa taýdan arassalygy, jana ýakymly mahmal howasy, deňiz suwunyň himiki elementlere baýlygy syýahatçylarda we jahankeşdelerde ýakymly duýgulary oýarýar.