SYÝAHATÇYLYK GYŞ MÖWSÜMINDE
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe syýahatçylyk pudagy ösüşi boýunça täze sepgitlere ýetdi. Bu ulgamyň ösüşine aýratyn hem hormatly Prezidentimiziň "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyny döredip bermegi özüniň uly täsirini ýetirdi. Häzirki wagtda "Awaza" - dünýä syýahatçylarynyň arasynda uly meşhurlyga eýe boldy. Bu ýerde gurlan dünýä ülňülerine laýyk gelýän kaşaň we
biri-birinden gözel, döwrebap myhmanhanalar gelýän syýahatçylarda ýakymly täsir galdyrmak bilen, olarda bu ýere ýene-de gelmeklige bolan isleg döredýär.
Pasyllaryň üýtgäp durmagy bilen, syýahatçylaryň sany hem üýtgeýär. Bahar we tomus pasyllary jahankeşdeleriň akymynyň dolup-daşýan möwsümi hasaplanýar. Sebäbi, howanyň maýlamagy, deňiz suwunyň ýylamagy jahankeşdelerde syýahata isleg döredýär. Emma güýz we gyş pasyllarynda syýahatçylaryň sany seýrekleşýär. Muňa howanyň salkyn we sowuk bolmagy sebäp bolýar.
Ýöne, beýle diýildigi adamlarda syýahata bolan isleginiň peselýändigini aňlatmaýar. Jahankeşdelerde syýahat etmeklige bolan isleg elmydama bolýar. Şol islegleri amala aşyrmak üçin amatly pursatyň döremegi zerur şertleriň biridir.
Gyş aýlarynda zähmet rugsadyna çykan adamlaryň köpçüligi "Awaza" syýahatçylyk zolagynda dynç alýarlar. Gyş möwsüminde "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda her ýyl ýurt, sebit, halkara derejesinde festiwallar, maslahatlar, ýokary derejedäki duşuşyklar yzygiderli geçirilýär. Özüni ynsanperwer ýol-ýörelgelere uýýan, dünýäde parahatçylygy ýola goýýan ýurt hökmünde tanadan Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň halkara derejesinde geçirýän möhüm çäreleri gyzgyn goldawa mynasyp bolýar. Olaryň her biri medeniýetleriň özara baýlaşmagynda, milli mirasymyzyň ähli öwüşginleriniň, köp asyrlyk däp-dessurlarymyzyň aýratynlyklarynyň wagyz edilmeginde, bütin dünýä ýaýylmagynda, dünýä ýurtlaryň halklarynyň arasynda dost-doganlyk hem-de özara düşünişmek gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagynda uly ýardam edýär. Diňe gyş aýlarynda bolman eýsem, ýylyň ähli möwsüminde "Awaza" milli syýahatçylyk zolagy syýahatçylara we jahankeşdelere öz gapylaryny giňden açýar.
Ýurdumyzda syýahatçylygy gyş möwsüminde-de durnukly amala aşyrmaklyga ähli mümkinçilikler bar. Muňa asty hem, üsti hem hazyna bolan ýurdumyzyň geografiki ýerleşişi, taryhy we medeni ýadygärlikleri uly mümkinçilik berýär. Türkmeniň dag ýerinde dagynyň, çöl ýerinde çölüniň, deňziniň, derýasynyň bolmagy we ol ýerleriň dürli pasyllara mahsuslykda özboluşly keşbe girmegi jahankeşdelerde uly gyzyklanma döredýär. Şeýle-de, ähli welaýatlarymyzdaky taryhy-arhitektura ýadygärlikleri we keramatly aramgähler syýahatçylarda ol ýerlere baryp, zyýarat etmeklige bolan islegi döredýär.
Arkadag Prezidentimiz syýahatçylyk ulgamynyň ösmegi üçin ähli mümkinçilikleri döredip berdi. Olardan ýerlikli peýdalanyp, ýurdumyzyň ähli syýahatçylyk kärhanalary, içerki we halkara syýahatçylyk boýunça birnäçe täze syýahatçylyk ugurlaryny işläp taýýarlap, halk köpçüligine hödürleýärler.
Hormatly Prezidentimiziň pähim-paýhasyndan, öňdengörüjiliginden kemal tapan arzyly mekan - "Awaza" milli syýahatçylyk zolagy mundan beýläk hem, ýurdumyzyň abraýyna abraý goşup, gül açar. Goý, halkymyzyň ruhubelentlikden we şatlykdan doly her bir gününi bagtyýarlyga besleýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, amala aşyrýan döwletli tutumlary rowaç bolsun.