JUWAN KALPLARYŇ JOŞGUNY
Mukaddes ýurt Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllygyna bagyşlanyp, edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, şeýle hem höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň çäklerinde geçirilýän «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň Balkanabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňündäki ajaýyp meýdançada geçirilen welaýat tapgyry tolgundyryjy pursatlara baý boldy. Balkanabat şäherinden Guwanç Toýçyýew bilen Türkmenbaşy etrabyndan Hally Babaýew has-da tapawutlanmagy başaryp, «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň ýurt derejesinde geçiriljek jemleýji tapgyrynda çykyş etmäge hukuk gazandylar.