«YOUNG EURO CLASSIC» ATLY HALKARA FESTIW


«YOUNG EURO CLASSIC» ATLY HALKARA FESTIW

Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Berlin şäherinde 2024-nji ýylyň 25-nji awgustynda «Young Euro Classic» atly halkara festiwaly geçiriler. Bu festiwala ýurdumyzyň döredijilik wekiliýeti hem gatnaşar. Onda türkmen milli saz gurallarymyz bolan dutar, gyjak, tüýdük ýaly gurallarda türkmeniň milli owazy häzirki zaman röwüşde ýaş sazandalar tarapyndan janlandyrylar. Şeýle-de türkmen milli kompozitorlary Nury Halmmämedow, Weli Muhadow, Durdy Nuryýewiň ajaýyp sazlary ýaňlanar.