TÜRKMENISTAN HYTAÝ HALK RESPUBLIKASYNYŇ SIAN ŞÄHERINDE GEÇIRILÝÄN SIAN ÝÜPEK ÝOLUNDA EKSPO 2024 SERGISINE GATNAŞÝAR


TÜRKMENISTAN HYTAÝ HALK RESPUBLIKASYNYŇ SIAN ŞÄHERINDE GEÇIRILÝÄN SIAN ÝÜPEK ÝOLUNDA EKSPO 2024 SERGISINE GATNAŞÝAR

Türkmenistanyň wekiliýeti syýahatçylyk boýunça Hytaý Halk Respublikasynyň Sian şäherinde 2024-nji ýylyň 9-11-nji awgusty aralygynda geçirilýän «Sian Ýüpek ýolunda EKSPO 2024» halkara syýahatçylyk sergisine gatnaşýar. «Sian Ýüpek ýolunda EKSPO 2024» halkara sergisine we maslahata «Aziýanyň merjeni», «Bagtyýar dostlar», «Dag syýahat», «Wepaly dört dogan», «Amul galasy», «Hazar ugry» syýahatçylyk kärhanalary özleriniň mahabat önümleri bilen gatnaşýarlar.