TÜRKMENISTANYŇ AÝDYM-SAZ TOPARY HALKARA FESTIWALDA BIRINJI ORNA MYNASYP BOLDY


TÜRKMENISTANYŇ AÝDYM-SAZ TOPARY HALKARA FESTIWALDA BIRINJI ORNA MYNASYP BOLDY

Türkmenistanyň aýdym-saz topary Özbegistanyň Samarkand şäherinde geçirilen «Şark taronalari» XIII halkara festiwalda 1-nji orna mynasyp bolup, ýörite diplom we 5 müň amerikan dollary pul baýragy bilen sylaglandylar. Bu aýdym-saz toparynyň düzüminde aýdymlary Türkmenistanyň halk artisti Suhanberdi Orazberdiýew ýerine ýetirdi. Oňa Türkmenistanyň halk artisti Hakberdi Allamyradow (dep), M.Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň mugallymlary Sapamyrat Annamyradow (gyjak) we Döwlet Daňatarow (dutar), şeýle-de M.Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyby Allamyrat Muhammetgulyýew dagy sazandalyk etdiler.