«ŞARK TARONALARY» ATLY XIII HALKARA AÝDYM-SAZ FESTIWALY GEÇIRILER


«ŞARK TARONALARY» ATLY XIII HALKARA AÝDYM-SAZ FESTIWALY GEÇIRILER

2024-nji ýylyň 25-30-njy awgust aralygynda Özbegistan Respublikasynyň Samarkant şäherinde Merkezi Aziýada we dünýäde esasy aýdym-saz çärelerinden biri bolan «Şark Taronalary» atly XIII halkara aýdym-saz festiwaly geçiriler. Festiwal milli we dünýä aýdym-saz sungatyny giňden wagyz etmek, halklaryň beýik däp-dessurlaryny gorap saklamak we ösdürmek, aýdym-saz hem-de wokal pudagynda zehinleri höweslendirmek, medeniýetleriň arasyndaky gepleşikleri we halkara döredijilik gatnaşyklaryny kämilleşdirmek, parahatçylyk, dostluk hem özara düşünişmek ideýalaryny utgaşdyrmak maksady bilen 1997-nji ýylda başlandy. Festiwal ÝUNESKO-nyň goldawy bilen her iki ýylda bir gezek geçirilýär. Bu aýdym-saz festiwalyna ýurdumyzyň döredijilik wekiliýeti hem gatnaşar.