ÝAŞLARYŇ OWAZLARY


ÝAŞLARYŇ OWAZLARY

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň çäklerinde geçirilýän «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň Daşoguz welaýat tapgyryna sebitiň şäherdir etraplarynda bolan deslapky gözden geçirişlerde öňe saýlanan estrada aýdymçylarynyň 10-sy gatnaşdy. Ýurdumyzyň halypa sungat ussatlaryndan düzülen eminler toparynyň gelen netijesine görä, Akdepe etrap medeniýet merkeziniň çeper höwesjeňleri Aýşat Myradowa hem-de Orazguly Jollyýew joşgunly owazlary, ýakymly labzy we ýerine ýetirijilik ussatlygy bilen öňe saýlandylar. Olar bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.