WENGRIÝADA TÜRKMENISTANYŇ MEDENIÝET GÜNLERI GEÇIRILER


WENGRIÝADA TÜRKMENISTANYŇ MEDENIÝET GÜNLERI GEÇIRILER

2024-nji ýylyň awgust aýynyň 7-si we 11-i aralygynda Wengriýada Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçiriler. Bu çärä Türkmenistanyň halk we estrada aýdymlary ýerine ýetirijilerini, sazandalary, folklor toparlaryny, medeniýet işgärlerini, kino sungatynyň wekillerini, muzeý işi boýunça hünärmenleri hem-de žurnalistleri özünde jemleýän döredijilik wekiliýeti gatnaşar. Türkmenistan bilen Wengriýa döwletiniň dostlukly, özara bähbitli gatnaşyklarynyň barha ilerleýändigi görkezýär.