MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ DOGLAN GÜNÜNIŇ 300 ÝYLLYGY MYNASYBETLI MOSKWADA GEÇIRILJEK DABARA


MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ DOGLAN GÜNÜNIŇ 300 ÝYLLYGY MYNASYBETLI MOSKWADA GEÇIRILJEK DABARA

21-nji awgustda P.I.Çaýkowskiý adyndaky Moskwa döwlet konserwatoriýasynda geçiriljek «Magtymguly, sözlär tili türkmeniň» atly konserti Russiýa bilen Türkmenistanyň halklarynyň arasyndaky möhüm medeni köpri bolar. Konsertiň meýilnamasynda saz sungatynyň nusgawy kompozitorlary Y.Meýtusyň, W.Muhadowyň, H.Allanurowyň, N.Halmämmedowyň, şeýle hem K.Wolkow, J.Gurbangylyjowa R.Nepesow, A.Şirowa, M.Guseýnow ýaly Pyragynyň döredijiliginden ylham alan kompozitorlaryň saz eserleri ýaňlanar.