ARKADAGLY ZAMANDA GALKYNAN SUNGAT


ARKADAGLY ZAMANDA GALKYNAN SUNGAT



Teatr sungaty — köpugurly kämil sungat. Ösýän-özgerýän, döwrebap ruhy talaplara laýyklykda baýlaşýan sungat. Täze döredijilik gözlegleriniň çuňluklaryna aralaşmagy başarýan, açyşlaryň täsinliklerini döretmegiň mümkinçiliklerine eýe bolýan sungat. Şoňa görä-de, beýleki sungatlaryndan tapawutlykda teatr sungatyň birnäçe görnüşlerini özüne jemleýär. Artistleriň owadan hem-de döredilýän çeper keşbe muwapyk hereketleri bilen çeper sözleriň sazlaşygyndan, sahna bezeginiň häzirki zaman tehniki serişdeler we tehnologiýalar, dürli ýagtylandyryş güýçli ýagtylandyryş yşyklaryň täsin öwüşginleriniň aýdym-saz, tans we beýleki sungatlar bilen utgaşmagyndan, režissýoryň çözgütleri bilen tomaşaçylarda döreýän duýgularyň badaşmagyndan emele gelýän bu jadyly sungatyň bitewiligi uly bir güýçdir. Ol tomaşaçyny duýgularyň täze bir dünýäsine alyp gidýär.
Garaşsyzlyk ýyllarynda teatr sungatymyz özüniň milli ösüş ýoluna düşüp, baý tejribe toplady. Ol dünýä teatr sungatyna düýpli aralaşmak bilen, oňa öz täsirini ýetirmegi başardy. Türkmen teatr artistleri mukaddes Garaşsyzlygymyzyň, hemişelik Bitaraplygymyzyň eçilýän eşretlerini, beýik zamanamyzyň ösüşlerini, hormatly Prezidentimiziň peşgeşi bilen eşretiň gujagynda ýaşaýan bagtyýar halkymyzyň ajaýyp durmuşyny, şonuň bilen birlikde türkmen we daşary ýurtly nusgawy edebiýatynyň naýbaşy eserlerini sahnalaşdyrmagy ussatlarça başarýarlar. Diýmek, milli teatr sungatymyz dünýäniň nusgawy eserlerini sahnalaşdyrmak bilen, ol özüniň döwrebap kämillik ýoluny tapýar. Munuň özi, bagtyýarlyk döwrümiziň teatrlarynyň atalarymyzyň nurana ruhlaryny ygrarly, dünýäde iň bir ynsanperwer, ýokary ahlakly, watanperwer, kämil şahsyýeti terbiýelemekdäki ähmiýetini ýokarlandyrýar.
Döwrüň gahrymanynyň, bagtyýar nesliň nurana keşbini döretmek teatryň baş wezipeleriniň biridir. Şoňa görä-de teatr ynsan ýaşaýşynyň nusga bolýan gözellik mekdebi bolup durýar. Köp görnüşli teatr eserlerini sahnalaşdyrmak tomaşaçylaryň dünýägaraýşyny ösdürýär, onuň oýlanyş, görüş we eşidiş ukyplaryny-da täsir edýär. Netijede, teatra bolan isleg gitdigiçe artar. Atalarymyzdan galan «Ussatdan öwrenseň, ussat bolarsyň» diýen parasatly jümle bar. Ussat halypalar teatryň ýüregi bolup durýar. Olar täze zehinleriň ýüze çykmagyna ýetirýän täsiriniň ähmiýetini hiç bir zat bilen deňäp bolmaz.

Halypa-şägirtlik ýoly teatryň geljekki sungat neslini kemala getirmegiň, ony aňrybaş kämillige ýetirmegiň hereketlendiriji güýjüdir. Bu ata-baba milli ýörelge häzirki döwürde teatr sungatynda öz köküni has çuňlaşdyryp, ol barha rowaçlanýar. Munuň özi, ýaş zehinleriň teatr sahnasynda has tiz kämillige ýetmeginde we geljekde dünýä teatr sungatynyň parlak ýyldyzyna öwrülmeginde nusgalyk mekdepdir. Teatrlaryň ýaş artistleri zehin-başarnyklaryny açmakda öz üstlerinde ýadawsyz zähmet çekýärler. Hut şonuň esasynda türkmen teatr sahnasynyň keşbi täzelenýär, kämil, özboluşly zehinleriň akymy peýda bolýar.
Biziň ýurdumyzda teatryň dürli görnüşleri hereket edip, ol sungatyň gözlegleriniň artmagyna, keşp döretmek babatda kämillige gol bermäge, her bir teatryň özboluşly tejribeleriniň baýlaşmagyna täsir edýär.

Arkadagly zamanamyzyň teatr sungaty gadryny bilmegi, baryňy-bar eýläp, bagtyýar ýaşamagy, şöhratly geçmişimize, ata-babalarymyzyň nurana ruhlaryna ygrarly bolmagy, ynsana hormat goýmagyň ýollaryny salgy berýär, eziz Watanymyza, bagtyýar halkymyza buýsanjy terbiýeleýär. Bagtyýar nesillerimiziň watansöýüjiligiň we ynsanperwerligiň belent ruhunda terbiýelenmegine, sahna artistleriniň ukyp-başarnyklaryny, zehinini kämilleşdirmekde, olaryň sungat äleminde mynasyp ornuny tapmakda möhüm ähmiýete eýe bolar.

Agamyrat BALTAÝEW