“Süýji durmuşyň gapysy”


“Süýji durmuşyň gapysy”



Türkmenistanyň Mollanepes adyndaky talyplar teatrynda “Süýji durmuşyň gapysy” ady bilen täze sahna eseri goýuldy. Bu dramany Türkmenistanyň halk artisti, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň uly mugallymy, Aşyrmyrat Gurbanow sahnalaşdyrdy. Sahna bezegini suratkeş Dünýägözel Durdyýewa, saz bezegini Maksat Kakabaýew, yşyk bezegini Myrat Batyrow ýerine ýetirdiler. Sahna eseriniň awtory, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gowşutgeldi Daňatarow.

Bu komediýa gadymy oguz rowaýatlarynyň esasynda ýazylan gülküli sahna eseridir. Bu gyzykly, gülküli komediýada gürrüň çaga terbiýesi hakynda bolup, ýaş nesli terbiýelemek, okatmak, bilim bermek meselesinde gabat gelýän kynçylyklar orta atylýar. Eseriň baş gahrymany Batman baýyň ogly Öwwejanyň zähmet çekmegi, okamagy, agyr keşik hasaplaýan, hyýaly göwün ýüwürtmeler arkaly ýaşajak boluşy, onuň masgara boluşy gülküli-wakalaryň, sahnalaryň üsti bilen açylyp görkezilýär.Şol bir wagtyň özünde nadanlygyň, ýaltalygyň üstünden gülünýär, tankyt edilýär.

Režissýor sahnalaşdyran eserinde zähmetiň adam durmuşynda uly orun tutýandygyny sahna eseriň üsti bilen suratlandyrýar. Eserde Türkmen döwlet medeniýet institutynyň Teatr sungaty fakultetiniň 5-nji ýyl talyplary Aýmyrat Annakylyjow-Batman baýyň, Akmaral Durdyýewa-Batman baýyň aýaly Baýrygüliň, Bagtyýar Dolyýew - Batman baýyň ogly Öwwejanyň, Eziz Geldiýew -Kelhanyň, Myrat Baýramow-Mäşirigiň, Ogulşat Jumaýewa-Gülkişdäniň, Saparmyrat Hemraýew-Döwli Batyryň ýatda galyjy keşplerini döretdiler. Eseriň dili çeper, esasy gahrymanlaryň häsiýetlerini gowy suratlandyrypdyr.