«AÝY» («ÇOÇA»)


«AÝY» («ÇOÇA»)



Bu sahna oýny Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş akademiki drama teatrynyň soňky möwsümlerde sahna çykaran eserleriniň özboluşlylarynyň biri. Bu spektakly beýik rus ýazyjysy A.P.Çehowyň adybir eseri esasynda Türkmenistanyň at gazanan artisti Gülälek Akmyradowa sahnalaşdyryp, eser tomaşaçylaryň söýgüsini gazandy. Eseriň sahna bezegini Güljemal Saparowa, yşyk bezegini Röwşen Mätiýew, saz bezegini Abdylazim Rejebow ýerine ýetirdiler. Tans goýujysy Taisiýa Alyýewa.

Bu sahna eseri dünýä belli rus ýazyjysy A.P. Çehowyň dünýäniň teatrlarynda köp ýyllardan bäri belli eseridir. «Aýyda» hakyky söýginiň hatda iň bir gödek adamyň hem kalbyna aralaşyp, oňa täsir etmegi netijesinde adamlaryň biri-birine bolan garaýyşlarynyň düýpgöter garşylykly tarapa üýtgäp, özgerip bilýändigi, söýginiň özgerdiji güýji hakynda gürrüň edilýär. Eseriň özüne çekijiligi, ondaky keşpleriň häsiýetleiriň, olaryň biri-birine bolan garaýyşlarynyň üýtgemegi,tebigy ýagdaýda bolup geçýär. Olaryň özleri hem biri-birine bolan garaýyşlarynyň, duşmançylyklarynyň mähirlilige öwrülendigini soň bilip galýarlar. Sahna eserinde göräýmäge boýdan başa gahrymanlaryň biri-birini ilkinji gezek görüp, kä dartgynly, käte ýakymsyz äheňde gürleşýändiklerine garamazdan, olaryň sözlerem, hereketlerem tomaşaçyda gülki, şol bir wagtyň özünde-de duýgudaşlyk hem özboluşly söýgi döredýär.

Eserde Ýelena Popowanyň keşbini - artist Şemşat Kasymowa, Grigoriý Smirnowyň keşbini - artist Azat Didarow, Lukanyň keşbini - artist Hezretmyrat Öwezow ýerine ýetirýärler.