“Dawa nämeden başlandy?”


“Dawa nämeden başlandy?”



Türkmenistanyň Mollanepes adyndaky talyplar teatrynda “Dawa nämeden başlandy?” ady bilen täze sahna eseri goýuldy. Bu dramany “Drama režissýory” hünäriniň 3-nji ýyl talyby Merdan Nazarow täzeden işläp sahnalaşdyrdy. Sahna bezegini suratkeş Dünýägözel Durdyýewa, saz bezegini Serdar Kerimow, yşyk bezegini Myrat Batyrow ýerine ýetirdiler. Sahna eseriniň awtory Taňryberdi Hojakgaýew.

Bu spektakly Türkmen döwlet medeniýet institutynyň 4-nji ýyl talyby Merdan Nazarow sahnalaşdyrdy. Bu sahnalaşdyrylan spektaklyň üsti bilen, türkmen durmuşynda ula hormat, kiçä sylag, agzybirligi, durmuşda düşünişmekligi ündeýär. Sahnada türkmeniň oba durmuşy görkezilýär. Howluda iki doganyň maşgalasy ýaşaýar. Bu spektaklda gelinler deňsizligi ýüze çykarmak üçin ýoldaşlaryna hile gurnaýarlar we ahyrynda utulýarlar. Öz eden oýunlaryna düşünýärler we şonuň bilen birlikde öz ýoldaşlarynyň göwni päk ahlak taýdan arassalygyna göz ýetirýärler. Eserde Türkmen döwlet medeniýet institutynyň “Drama režissýory” hünäriniň talyplary Didar Annaýew-Arslanyň, Annasoltan Garlyýewa – Sülgüniň, Merdan Nazarow- Gaplaňyň, Mahym Nuryýewa-Bilbiliň, Ybraýym Durdyýew-Inerçäniň ýatda galyjy keşplerini döretdiler. Eseriň dili çeper, esasy gahrymanlaryň häsiýetlerini gowy suratlandyrypdyr.