BILDIRIŞ


BILDIRIŞ

Türkmenistanyň Döwlet sirki, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli, 2024-nji ýylyň maý aýynyň 18-19-na sagat 18:00-da görkeziljek «Ganatly bedewler» atly sahnalaşdyrylan sirk oýunlary görmäge çagyrýar.

Çykyşlaryň dowamynda Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň artistleriniň şowhunly sahnalarynda dünýä belli «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň ahalteke bedewlerinde ýerine ýetirýän çylşyrymly hereketleriniň, parahatçylygyň nyşany bolan ak «Pawlin» kepderileriniň, howa gimnastlarynyň, akrobatlaryň, türkmen alabaýlarynyň hem-de «Arwana» düýeleriniň çykyşlary, Hindistanyň şadyýan «Makaka» maýmynjyklarynyň, Afrikanyň täsin jandarlary bolan «Burçello» zebranyň we afrikan düýeguşunyň, jadygöýdir gözbagçylaryň, masgarabazlaryň gülküli oýunlarynyň, «Ýedigen» tans toparynyň tansçylaryň, «Pudel» güjüjikleriň sahnada ýerine ýetirýän çykyşlarynyň, ýüpde ýöreýän gyzjagazyň, žanglýorlaryň mundan başgada erkin ýagdaýda tälim berlen atlaryň çykyşlaryna tomaşa edip bilersiňiz.

Petek satyn almak üçin Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň kassasyna gelip bilersiňiz.

Kassanyň iş wagty:

Sişenbe-Ýekşenbe günleri sagat 10:00 - 18:00-a çenli

Habarlaşmak üçin: 36-10-95; 36-10-34;