Super gaýyn ene


Super gaýyn ene



Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda sahnalaşdyrylan özbek dramaturgy Sanjaraly Ymamowyň ,,Super gaýyn ene’’ oýny ahlak päkligi, sadalyk, ynsanperwerlik hakda söhbet açýar.

Hajar bilen Toty goňşy bolup ýaşaýarlar. Totyň söwda-satykda at alan gyzy Halida gazanç baryny edýär. Hajaryň oňa göze gidýär. Halidany ogly Merdana mynasyp görýär. Otursa-tursa Toty bilen ýaşlaryň biri-birine juda kybapdaşdygy barada içgin-içgin gürrüň edýär. Bir görse, Toty hem Halyda-da Merdany ýaman görenoklar. Diňe Merdanyň öýli-işiklidigi, çagaly-çugalydygy olary ikirjeňledýär. Hajar ol meseläni çözüp bolýandygyny aýdyp, Merdany gaýtadan öýermäň ugruna çykýar. Gelni Muýassary kötekläp başlaýar. “Ker gelni başyňa ýapjakmy” diýip Merdany hiç gününe goýanok.

Muýassar Merdana barmaga juda şat. Oňa maşyn sowgat edýär. Ejesi Hajara saýlanyp duran howly gurup berýär. Apupa atly gelni gaýnyna hyzmatkär edip bermekçi. Emma onuň diýeni bolmaýar. Hajaryň adamsy Atajan hem bu guralýan pyrryldaklara garşy. Apupany gorap, Hajary masgara edýär.

Sanjaraly Ymamowyň ,,Super gaýyn ene’’ oýny tomaşaçylaryň söýgüsine mynasyp boldy.