«Baky rowaýatlar» atly sahna eseri gurjak teatrlarynyň VII festiwalynda görkeziler


«Baky rowaýatlar» atly sahna eseri gurjak teatrlarynyň VII festiwalynda görkeziler



Ozal habar berşimiz ýaly, şu ýylyň 24 — 29-njy oktýabry aralygynda Täjigistan Respublikasynda «Çodari Haýol» gurjak teatrlarynyň VII festiwaly geçiriler. Bu halkara festiwala ilkinji gezek Türkmenistan şeýle-de Russiýa, Gazagystan, Özbegistan, şol sanda Eýran ýaly ýurtlaryň döredijilik toparlary gatnaşar.

Halkara festiwalda Türkmenistan döwletimiziň adyndan çykyş etjek Türkmen döwlet medeniýet institutynyň aktýorçylyk sungaty (gurjak tatrynyň aktýory) hünäriniň talyplary festiwala «Baky rowaýatlar» atly sahna eserini taýýarladylar.

Sahna eseri türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Enä tagzym – mukaddeslige tagzym», «Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» şeýle-de «Türkmen alabaýy» kitaplaryndan bölekler esasynda sahnalaşdyrylypdyr. Sazlaşykly birleşdirilen üç hekaýat türkmen halkynyň ruhy we ahlak gymmatlyklary hakda gürrüň berýär.

Belläp geçsek, Halkara gurjak teatrlarynyň «Çodari Haýol» festiwaly Täjigistan Respublikasynyň Medeniýet ministrliginiň başlangyjy bilen ýurduň Hökümetiniň goldamagynda geçirilýär. Festiwal gurjak teatry sungatynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagy, gurjak teatryny galkyndyrmagy we ösdürmegi, ýaş nesliň estetiki terbiýesini ýokarlandyrmagy maksat edinýär.