« MAGTYMGULY-KÖŇÜL GUŞY »


« MAGTYMGULY-KÖŇÜL GUŞY »



Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş akademiki drama teatrynda «Magtymguly-köňül guşy» ady bilen täze sahna eseri goýuldy. Bu dramany teatryň baş režissýory, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri E.Işangulyýew, sahna bezegini Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Maksat Amangylyjow, saz bezegini Döwlet Kuwwadow ýerine ýetirdiler.

Sahna eseriniň awtory, Türkmenistanyň halk ýazyjysy G.Daňatarow.

Bu eser Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi barada ýazylan eserdir.

Eser şahyryň öz şahsy durmuşyna degişli waka -- atasy Döwletmämmet Azadynyň ölümi bilen baglanyşykly wakalar bilen başlanyp , kem – kemden çuňlaşýar, dartgynlaşýar. Eseriň şu epizody, tomaşaçylaryň ünsüni özüne çekýär.

Režissýoryň sahnada ulanan çeperçilik tärleri dartgynlylgy gowşatmaýar, suratkeşiň sahnada guran älemi, tomaşaçynyň sahnadan sowmazlygyna ýardam edýär.Şahyryň arşa «syýahaty» hemmeleri özüne çekýär. Eserde awtora,režissýora, suratkeşe, kompozitora, hersine öz ornunda dürli çeperçilik tärlerini ulanmak bilen eseriň tomaşaçy üçin düşnükli we gyzykly bolmagyny gazanmak başardypdyr.

Eserde teatryň baýry artistleri – Türkmenistanyň halk artistleri M.Kasymow—Magtymgulynyň, Nury Allaberdiýew -Döwletmämmet Azadynyň, Çary Berdiýew – Nagyşbendiniň, Türkmenistanyň at gazanan artisti M.Hydyrow-Çowdur hanyň, artist Selbi Babylowa-Meňliniň, artist Dilşat Meläýewa -şeýtanyň ýatda galyjy keşplerini döretdiler.

Eseriň dili çeper, esasy gahrymanlaryň häsiýetleri işlenipdir, türkmen halkynyň däp-dessurlary görkezilipdir.