Medeni Hyzmatyň Täze Görnüşi


Medeni Hyzmatyň Täze Görnüşi

Sahna oýunlaryna we sirk tomaşalaryna giriş peteklerini onlaýn arkaly satyn almak mümkinçiligi döredildi. Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi paýtagtymyzyň teatrlarynyň we Döwlet sirkiniň giriş peteklerini internetiň üsti bilen onlaýn satmaklygy ýola goýdy. Mundan beýläk tomaşaçylar ykjam telefonynda “Playmarket” we “Appstore” ulgamlary arkaly www.turkmenteatrlary.gov.tm resmi web saýtyna girip, islendik sahna oýunlary we sirk tomaşasy barada maglumat alyp hem-de onlaýn arkaly elektron bank kartlarynyň kömegi bilen ýa-da nagt görnüşinde giriş peteklerini satyn alyp bilerler.