Bedewlerimiziň şanyna sahna oýunlary
Rowaçlyklara beslenýän eziz Diýarymyzda halkymyz her ýyl beýleki milli baýramlarymyz bilen birlikde, türkmen bedewiniň milli baýramyny hem agzybirlikde, ruhubelentlikde belläp geçýär. Bu ýyl hem Gahryman Arkadagly ýurdumyzyň her bir güni hoş habarly, şatlykly wakalara beslenip, beýleki baýramlarymyz bilen birlikde behişdi bedewlerimiziň baýramçylygy milli baýram hökmünde döwlet derejesinde giňden bellenilýär.
«Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» ýylynda şatlyk-şowhuna beslenip bellenilýän türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli 2020-nji ýylyň 20-nji aprelinde Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň ýapyk manežinde Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynyň artistleriniň «Görogly we Agaýunus» atly sahna oýnundan parçalar hem-de «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň atly ýigitleriniň teatrlaşdyrylan sahnasy görkezildi. Aýdym-sazly, namaly «Görogly we Agaýunus» atly sahna oýnundaky wakalarda artistler Çaryýar Annamyradowyň hem-de Döwlet Hanmämmedowyň atlaryň üstünde döredýän täsirli keşpleri behişdi bedewlerimiziň toýnagyndan çykýan dükürdi sesleri bilen goşulyşyp, täsin owazy emele getirmeginiň özem kalbyňa buýsanç bolup dolýar. Bu sahna oýnunyň tüweleýli ruhy, hörpi-howalasy, ondaky wakalaryň göniden-göni bedewleriň üstünde beýan edilişi göçgünli hem şowhunly bolansoň, onuň her bir wakasy watansöýüjiligiň, adalatyň, merdi-merdanalygyň mekdebi bolup ýaňlandy.