Sahna oýnunyň ilkinji görkezilişi boldy


Sahna oýnunyň ilkinji görkezilişi boldy



Bilşimiz ýaly, Daşoguz welaýatynda Türkmenistanyň Medeniýet hepdeligine gabatlanyp geçirilýän çäreler dowam edýär.
Hepdeligiň çäklerinde Daşoguzyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly-drama teatrynyň «Goly sazly, tili sözli Görogly» diýen sahna oýnunyň ilkinji görkezilişi boldy. Teatryň artistleri Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ençeme gezek ýeňijileri bolupdylar.
Teatr her ýyl birnäçe täze sahna oýunlaryny görkezýär. Ine, onuň tomaşaçylaryň ykrarnamasyna eýe bolan işleriniň arasynda — ýurdumyzyň teatr sungaty festiwallarynda görkezilen, drama esasyny milli Liderimiziň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynyň rowaýatlary düzen «Gürgenç kyssalary» sahna oýny hem-de belli «Şasenem we Garyp» türkmen dessanynyň äheňi esasynda döredilen «Aşyklar kyssasy» diýen sahna eseri bar.
Teatr toparynyň görkezen täze işi, halk gahrymany Görogly baradaky ähli sahna eserleri ýaly çuňňur watançylyga ýugrulandyr, gaýtalanmajak milli öwüşginlerine, sahna keşpleriniň aýdyňlygyna baýdyr, sahna bezegleri köpdürlüdir.
Sahna oýnunyň wakalarynyň mazmuny «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýlip yglan edilen 2020-nji ýylyň şygaryna kybap gelýär. Şonda sahna sungaty arkaly türkmen halkyna mahsus bolan ýörelgeler — açyklyk, parahatçylyk söýüjilik, dostanalyk, onuň mizemez ahlak gymmatlyklary şöhlelendirilýär. Bularyň ählisi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan döwlet syýasatynyň esasynda durýar.

Gadymy «Görogly» şadessany Diýarymyzda teatr sungatynyň işgärlerini ençeme gezek döredijilik işlerini döretmäge ruhlandyrdy. Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly-drama teatrynyň topary ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 22 ýyllygynyň öňýanynda şadessanyň äheňleri esasynda «Göroglynyň öýlenişi» diýen ajaýyp sazly sahna eserini görkezipdi.
Ýazyjy Öre Daşgynowyň ýazan «Goly sazly, tili sözli Görogly» atly bu sahna eserinde şadessanyň halkymyzyň gahrymançylyk, watansöýüjilik, mertlik, agzybirlik häsiýetleri janlandyrylýar. Täze sahna oýnunda Görogly begiň keşbini Döwlet Baýarow, Agaýunus periniň keşbini hem Nurjemal Hydyrowa ýerine ýetirýär. Sahna eserinde Göroglynyň kyrk ýigidiniň biri bolan Sapar kösäniň keşbini Türkmenistanyň at gazanan artisti Meret Seýidow ussatlyk bilen sahnada janlandyrdy. Türkmenistanyň at gazanan artisti, teatryň baýry işgäri Hudaýberdi Baýryýewiň ýerine ýetiren Hüňkar patyşanyň, Türkmenistanyň at gazanan artisti Halmyrat Şyhyýewiň janlandyran weziriň keşbi tomaşaçylarda aýratyn täsir galdyrdy. Sahna eserinde wakalar täze döwrümiz bilen sepleşip gidýär. Daşoguz welaýatynda belli dessançy bagşy Rahman Kakaýew daşoguzly bagşylaryň aýdyş äheňinde gürrüň berip, bu wakalary utgaşdyryp goýberýär. Dogrusy, täze goýlan oýunda her bir wakany şöhlelendirmäge täzeçe çemeleşildi. Teatryň işgäri Çingiz Töräýew sahna bezeginde, Meýlis Nuryýewiň saz bezeginde milli öwüşginlere, halk äheňlerine aýratyn üns berildi.