Türkmen döwlet gurjak teatrynda «Aladdin» atly täze spektakl sahnalaşdyrylýar


Türkmen döwlet gurjak teatrynda «Aladdin» atly täze spektakl sahnalaşdyrylýar

Şu günler Türkmen döwlet gurjak teatrynyň režissýory Geldimyrat Almämmedow Gündogar halklarynyň Aladdin baradaky ertekileri esasynda «Aladdin» atly täze spektakly sahnalaşdyrmaga girişdi.

«Edebiýat we sungat» gazetiniň elektron neşirinde habar berlişi ýaly, ýakyn günlerde körpeler hem-de uly ýaşly tomaşaçylara görkeziljek täze spektaklda teatryň M.Haýdarow, O.Bäşimowa, G.Mämmetgulyýewa, Ş.Ataýewa ýaly zehinli artistlerine dürli häsiýetli gahrymanlaryň keşplerini janlandyrmak ynanylypdyr.