BILDIRIŞ


BILDIRIIŞ

Türkmenistanyň Döwlet sirki iýun aýynyň 8-9-na sagat 18:00-da Sizi sirk oýunlaryny görmäge çagyrýar. Çykyşlaryň dowamynda Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň artistleriniň şowhunly sahnalarynda dünýä belli «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň ahalteke bedewlerinde ýerine ýetirýän çylşyrymly hereketleriniň, parahatçylygyň nyşany bolan ak «Pawlin» kepderileriniň, howa gimnastlarynyň, akrobatlaryň, türkmen alabaýlarynyň hem-de «Arwana» düýeleriniň çykyşlary, Hindistanyň şadyýan «Makaka» maýmynjyklarynyň, Afrikanyň täsin jandarlary bolan «Burçello» zebranyň we afrikan düýeguşunyň, jadygöýdir gözbagçylaryň, masgarabazlaryň gülküli oýunlarynyň, «Ýedigen» tans toparynyň tansçylaryň, «Pudel» güjüjikleriň sahnada ýerine ýetirýän çykyşlarynyň, ýüpde ýöreýän gyzjagazyň, žanglýorlaryň mundan başgada erkin ýagdaýda tälim berlen atlaryň çykyşlaryna tomaşa edip bilersiňiz. Petek satyn almak üçin Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň kassasyna gelip bilersiňiz.

Kassanyň iş wagty: Sişenbe-Ýekşenbe günleri aralygy, sagat 10:00 – 18:00-a çenli.

Goşmaça maglumatlary resmi sahypamyzda görüp bilersiňiz: sirk.gov.tm

Habarlaşmak üçin: 36-10-95; 36-10-34;