Türkmen döwlet gurjak teatrynda Türkiýäniň Kölegeler teatry çykyş etdi
Şu gün Türkmen döwlet gurjak teatrynda Türkiýe Respublikasynyň Kölegeler teatrynyň döredijilik topary ýurdumyzda geçirilýän «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly IV halkara festiwalyň çäklerinde «Garagöz we Hajiwat» atly oýny bilen çykyş etdiler.
Uýsal Güýç Filiziň režissýorlyk etmeginde taýýarlanan «Garagöz we Hajiwat» iki bölümli, bir perdeli kölege oýny bolup, ol Osmanlylar döwründen bäri tutuş Anadolyda meşhurdyr. Bu kölege oýny Gresiýada «Karagiozis», Bosniýa we Gersegowinada bolsa «Karagöz» ady bilen mälimdir.
Bu kölege oýny halk arasyndaky rowaýlardan, hekaýatlardan susulyp alnyp, onda hereket edýän gahrymanlara merdanalyk, şeýle hem degişme häsiýetler çaýylýar. Bu kölege oýnunyň esasy gahrymanlary — Garagöz bilen Hajiwatyň arasyndaky özara gatnaşyklar ýumoryň üsti bilen sahnada ökdelik bilen janlandyrylýar.