Gülälek Akmyradowa halkara teatr festiwalyna emin agzasy bolup gatnaşar
Ozal habar berşimiz ýaly, şu ýylyň 7 — 12-nji dekabry aralygynda Gyrgyz Respublikasynyň halk ýazyjysy Çingiz Aýtmatowyň doglan gününiň 95 ýyllygy mynasybetli «Aýtmatow we teatr» atly VI halkara teatr festiwaly geçiriler. Bu halkara festiwala türkmen artistleri hem gatnaşýar.
Halkara festiwala gatnaşýan ýurdumyzyň wekiliýetiniň arasynda bu festiwala eminlik etjek teatr artisti hem bar. Has takygy, Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş akademiki drama teatrynyň sahna ussady, Türkmenistanyň halk artisti Gülälek Akmyradowa gyrgyz ýazyjysy Çingiz Aýtmatowyň doglan gününiň 95 ýyllygy mynasybetli geçiriljek halkara teatr festiwalyna emin agzasy bolup gatnaşar. Gülälek Akmyradowa festiwalyň dowamynda oňa gatnaşýan ýurtlaryň teatr toparlary tarapyndan görkeziljek sahna eserlerine baha berer.
«Aýtmatow we teatr» atly VI halkara teatr festiwalynda Lebap welaýatynyň S.Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň döredijilik topary Çingiz Aýtmatowyň eseri esasynda, Perhat Hudaýberenowyň režissýorlyk etmeginde sahnalaşdyrylan «Ak gämi» atly sahna eseri bilen çykyş eder.
Belläp geçsek, şu ýylyň 1 — 4-nji noýabry aralygynda Azerbaýjan Respublikasynyň Baku şäherinde TÜRKSOÝ-yň I halkara teatr festiwaly geçirilipdi. Bu festiwala ýurdumyzyň adyndan Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama-teatrynyň döredijilik topary gatnaşyp «Söýgi we hasrat» atly sahna eseri bilen gatnaşypdy. Bu halkara festiwalyň alty adamdan ybarat bolan eminler toparynyň arasynda Türkmenistanyň halk artisti Gülälek Akmyradowa hem bar. Bu bolsa teatr artistleriniň zehinine halkara derejesinde goýulýan uly hormatdan nyşan bolup durýar.