Bilbil sahnada saýranda
25-nji iýunda Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda täze sahnalaşdyrylan «Gül-Bilbil» atly operanyň ilkinji görkezilişi boldy. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuna barýan günlerimizde sahnalaşdyrylan «Gül-Bilbil» operasynyň täze zehinleri ýüze çykarmakdaky ähmiýeti barada bu sahna eserini döretmäge gatnaşan zehinleriň käbiri bilen söhbetdeş bolduk.
Täze eser- täze keşpler
Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Aýnazar Batyrow täze sahna eseriniň aýratynlygy dogrusynda şeýle gürrüň berdi:
— Abdylla Şabendäniň «Gül-Bilbil» dessany esasynda öň Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň döredijilik topary bilenem spektakl goýupdym. Şonda bu dessany operanyň dilinde-de tomaşaçylara ýetirmegi ýüregime düwdüm. Şol arzuwym hasyl bolup, bu dessanyň operasyny hem şu teatrda ilkinji gezek tomaşaçylara ýetirmek miýesser etdi.
Sahna eserinde halypalar bilen birlikde Türkmenistanyň halk artisti Atajan Berdiýewiň — Bilbiliň, «Ýylyň parlak ýyldyzy» Leýli Ökdirowanyň — Gülüň keşbini janlandyrmagy, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň hor dirižýorlygy hünäriniň 3-nji ýyl talyby Döwletmämmet Ökdirowyň dirižýorlyk etmegi milli sungatymyzda täze ýüzleriň kemala gelýändigini tassyklaýar. Şonuň ýaly-da sahna bezeginiň köp öwüşgünliligine ünsi çekesim gelýär.
Gülüň yşkynda
Aýdym-sazy ömür manysyna öwren Türkmenistanyň halk artisti Atajan Berdiýew bu sahna eserinde Gülüň yşkyndaky Bilbiliň keşbinde çykyş edýär.
— Bu opera eseriniň şowly çykmagynda dramaturgyň, režissýoryň, orkestriň, aýdymçylaryň, hor toparynyň, suratkeşleriň, tansçylaryň, yşykçylaryň, umuman, opera gatnaşýan ähli sungat işgärleriniň tagallasy uly. Sebäbi sungatyň islendik görnüşi inçeligi, näzikligi bilen irginsiz zähmeti, ukyp-başarnygy talap edýär. Opera sungatynda diňe bir zehinli aýdymçy bolmak bilen çäklenmän, artistlik ussatlygyň hem ýeterlik bolmaly. Bu babatda režissýorymyz Aýnazar Batyrow opera aýdymçylarynyň sesiniň mümkinçiligine, häsiýetlerine baha bermegi başarýar Daňatar Öwezow, Weli Muhadow, Adrian Şapoşnikow, Ýuliý Meýtus ýaly birnäçe ussat kompozitorlarymyzyň ýazan nusgawy operalarynyň aradan ýyllar geçensoňam täzeden dikeldilip, sahnadan düşmän gelmegi, sazynyň edil düýn ýazylan ýaly hemmä düşnükli ýaňlanmagy eseriň kämilliginden nyşan. Täze operanyň hem şeýle üstünlige eýe boljakdygyna ynanýarys.
«Güle öwrülen» ýyldyz
Opera aýdymlaryny ýerine ýetirmekde halypalaryň ynamyny gazanyp gelýän, mahmal owazly aýdymçy Leýli Ökdirowa sahnada Gül bolup, perileriň mekanynda Bilbili saýradýar.
Gülüň keşbi meniň üçin örän uly tejribe boldy. Sebäbi operada keşp janlandyrmak bilen birlikde aýdymlary orkestr bilen sazlaşykly ýerine ýetirmeli. Türkmenistanyň halk artistleri Maýa Kulyýewa, Annagül Annagulyýewa, Medeniýet Şahberdiýewa, Roza Töräýewa, Atageldi Garýagdyýew ýaly ussatlaryň ýoluny dowam edip, opera sahnasynda keşp janlandyrmak meniň üçin uly bagt hem jogapkärçilik. Şonuň üçinem bu keşbe girişmezimden ozal, halypalaryň opera sahnalarynda ýerine ýetiren aýdymlaryny diňläp, olardan köp zat öwrendim. Türkmenistanyň halk artisti Roza Töräýewanyň ýanyna gatnap tälim aldym. Gülüň keşbi mylaýymlygy, näzikligi bilen öz dünýäme-de ýakyn bolansoň, ony ýerine ýetirmek kyn düşmedi. Şeýle-de kärdeşim Atajan bilen konsertlerde köplenç aýdymlary bilelikde ýerine ýetirýändigimiz operada keşp janlandyrmakda goltgy boldy. Bu sahna eserinde Aman Amanow, Bibijemal Amanowa, Begenç Gaýypow ýaly halypalaryň özüme eden goldawyny hoşallyk bilen ýatlap geçesim gelýär.
Halypanyň ussatlyk sapagy
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň mugallymy, Türkmenistanyň at gazanan artisti Bibijemal Amanowa opera sahnasynda Bilbiliň ejesiniň keşbiniň üsti bilen öz şägirtlerine tejribe sapaklaryny berýär.
— Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen täzeden dikeldilen «Şasenem-Garyp» operasynda Şasenemiň, «Zöhre-Tahyr» operasynda Zöhräniň, «Görogly» operasynda Agaýunusyň keşbini ýerine ýetiren bolsam, «Gül-Bilbil» operasynda enäniň keşbini janlandyrmak miýesser etdi. Bu operada ynanylan keşp agramly sesi talap edensoň, soprano däl-de, ýogyn sesde çykyş etdim. Täze operada ýaş zehinleriň — Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň mugallymlarynyň, talyplarynyň özlerine ynanylan keşpleri yhlas bilen ýerine ýetirmegi buýsandyrýar. Olaryň türkmen opera sungatynyň ösmegine mynasyp goşant goşjakdygyna ynanýarys.
Söhbetdeş bolan Aýjemal GAÝLYÝEWA.
Täze sahnalaşdyrylan «Gül-Bilbil» operasy halypa-şägirtlik mekdebiniň özboluşly dowamyna öwrüldi. Operanyň sahna hem saz bezegi gahrymanlaryň ruhy ahwalyny çeper beýan edýär. Bu bolsa döredijilik toparynyň yhlasly zähmeti netijesinde hasyl bolýar. Milliligi hem döwrebap öwüşgini bilen bagtyýarlyk döwrümiziň belent ruhuna kybap gelýän sahna eserleriniň teatrlaryň sahnalaryny bezäp durmagyny tüýs ýüregimizden arzuw edýäris. Milli opera sungatymyzy täze derejelere çykaran Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, belent başy aman bolsun, alyp barýan il-ýurt bähbitli beýik işleri elmydama rowaç alsyn!