ROMEO WE JULÝETTA


“ROMEO WE JULÝETTA



Wilýam Şekspiriň «Romeo we Julýetta» tragediýasy dünýä meşhur eserleriň biridir. Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş akademiki drama teatrynda tomaşaçylara hödürlenýän bu eser, söýgi hakyndaky ajaýyp eserdir. Bu eseriň režissýorlary, Türkmenistanyň at gazanan artisti Gülälek Akmyradowa, Goçmyrat Bekiýew, sahna bezegini Güljemal Saparowa, saz bezegini Magtymguly Saparow ýerine ýetirdiler. Tans goýujysy Taisiýa Alyýewa.

Romeo bilen Julýettanyň arasynda dörän päk söýginiň olaryň ozaldan biri-birine duşmançylykly bolan Montekkileriň hem Kapulettileriň maşgalalarynyň arasyndaky özara duşmançylyk zerarly, heläk bolşy hakyndaky eser häli –häzire çenli söýgi hakyndaky sahna eserleriniň naýbaşysydyr.

Söýgi hakdaky bu ajaýyp eserde iki aşygyň päk söýgüsine ýardam edýänleriň we garşy durýan gahrymanlaryň arasyndaky barlyşyksyz duşmançylyk zerarly ýüze çykýan pajygaly wakalar zerarly dörän dartgynlylyk eseriň ahyryna çenli gowşamaýar we tomaşaçylarda uly täsir galdyrýar.

Teatryň ýaş we halypa artistleri öz döreden keşpleriniň Romeonyň- artist Begenç Garlyýew, Julýettanyň – artist Merjen Garlyýewa, artist Şemşat Kasymowa, Lorenso atanyň – artist Hezretmyrat Öwezow, Tibaltyň – artist Kakamyrat Bazarow, Merkusionyň – artist Azat Didarow, enekäniň - artist Ogulbike Garýagdyýewa, Kapulettiniň – Türkmenistanyň at gazanan artisti Aşyrmuhammet Işangulyýew, Hanym Kapulletiniň - Türkmenistanyň at gazanan artisti Maýagül Annaýewa, Montekkiniň - Türkmenistanyň at gazanan artisti Ýeňiş Ýazmyradowyň we beýlekileriň täsirli, özboluşly bolmagy üçin yhlas siňdirýärler.